Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Daşkentdäki mekdepleriň birinde, LGBT toparyna göreş hökmünde, okuwçylaryň jorabyny ölçediler


Illýustrasiýa suraty

Özbegistanyň Halk magaryf ministrligi Daşkentdäki mekdepleriň birinde, LGBT toparyna garşy göreş hökmünde, mekdep okuwçylarynyň joraplarynyň gonjunyň uzynlygynyň ölçelendigi barada habar peýda boldy.

Ministrligiň maglumatyna görä, "gysga joraplary" barlamak bilen baglanyşykly çäre diňe bir okuw jaýynda – Daşkendiň Mirabat etrabyndaky 110-njy mekdepde bolup geçdi.

Bilim ministrligi ýokarda ady agzalan mekdepde bolup geçen wakany öwrenýändigini habar berdi.

Bilim ministrliginiň metbugat gullugy bu çäre baradaky öz teswirinde, mekdeplere okuwçylaryň jorabynyň uzyn-gysgalygyny barlamak hakda hiç hili görkezme bermändigini belledi.

Mundan öň Özbegistanyň Adalat ministriniň döwlet dili boýunça geňeşçisi Şahnoza Soatowa öz Telegram kanalynda oglunyň okaýan mekdebinde, sapak wagtynda okuwçylaryň joraplarynyň gonjunyň uzynlygyny barlandyklaryny hem-de gysga jorap geýen okuwçylaryň surata düşürilendigini aýdypdy.

Soatowanyň pikirine görä, olar bu çäräni LGBT toparyna garşy göreş hökmünde düşündiripdirler.

Şahnoza Soatowa “sapak geçmegiň ýerine, LGBT topary baradaky gerekmejek zatlary ýatladyp, çagalar bilen gürrüň geçirendikleri” üçin, mekdep ýolbaşçylarynyň bu hereketini ýazgarýar.

«Mekdeplerde sapak geçmek ýerine LGBT-ni ýada salýan meseleler aralaşdymy? Biz anti-propagandany manysyzlyk derejesine ýetirýäris. Iň bolmanda, muny mekdeplerde bir agzamaň. Men muny LGBT propagandasy diýip hasaplaýaryn, gara propaganda hem propaganda» diýip, Adalat ministriniň döwlet dili meseleleri boýunça geňeşçisi Şahnoza Soatowa Telegram kanalynda ýazdy.

Gysga joraplar gomoseksuallyk alamatymy?

Geçen ýylyň awgustda Özbegistanyň «Munosabat» telegepleşigine gatnaşyjylar häzirki özbek ýaşlarynyň daşky geýnişini hem özüni alyp barşyny tankytladylar.

Programmada çykyş eden Respublikanyň ruhy we aň-bilim merkezi bölüminiň müdiri Mansur Musaýew Ýewropada gysga jorabyň hem ýyrtyk jalbarlaryň gomoseksuallaryň alamaty hasaplanýandygyny aýtdy.

«Olar biri-birini şonuň üsti bilen tanaýarlar, bizde bolsa muňa hiç kim düşünmän, köre-körlük bilen oňa eýerýärler» diýip, Mansur Musaýew aýtdy.

«Munosabat» programmasynda çykyş eden Özbegistanyň halk artisti Ýodgar Sadiýew hem ýaşlaryň egin-eşigi meselesinde öz pikirini mälim edip, ýyrtyk jalbar geýip, jorapsyz aýakgaply gezýänleri ýigrenýändigini mälim etdi.

Gülki hem gorky

Sosial ulgamlary ulanýanlar şäher mekdeplerinde okuwçylaryň joraplarynyň uzynlygynyň barlanýandygy baradaky habary gülki hem howatyrlanma bilen kabul etdiler.

Mysal üçin, Facebook ulanyjy Dilnoza Turaýewa, eltip beriş hyzmatynyň işgärleriniň adyndan ýaňsyly ýazgy goýdy: "Sargydyňyzyň uzyn joraply kurýer tarapyndan iberiljekdigine kepil geçýäris."

Bahadyr atly başga bir ulanyjy Daşkentdäki mekdep okuwçylarynyň joraplarynyň uzynlygynyň barlanmagyna haýran galýandygyny aýtdy: “Haçandan bäri ýazda geýilýän, aýak üçin amatly bolan gysga jorap geýleriň alamaty boldy? Samsyklygyň hem çaky bilen".

Özbegistanda işleýän polýak žurnalisti Agniežka Pikulitska Twiter’de şeýle ýazdy: “Daşkendäki mekdep LGBT toparyna garşy gysga joraply çagalary barlamak bilen göreşýär. Birnäçe aý öň "bilermenler" topary şeýle joraplaryň howply geý nyşanydygyna karar berdiler. Bu adamlaryň täze nesli terbiýelemäge jogapkärdigini göz öňüne getiriň."

Ýatlatsak, geçen aýyň ahyrynda Daşkendiň merkezinde bir topar agressiw erkekler ýapon anime we koreý pop aýdym-saz muşdaklaryny LGBT aktiwistleri hasaplap, olara hüjüm etdiler.

Şol günüň agşamy näbelli hüjümçiler hökümeti tankytlamak we LGBT hukuklaryny goramak bilen tanalýan ýerli blogçy Miraziz Bazarowy ýençdiler. Netijede, Bazarow agyr ýaralanyp, paýtagtyň klinikalarynyň birinde keselhana ýerleşdirildi.

Bu iki waka Özbegistanyň Jenaýat kodeksinden, gomoseksualizmi jenaýat hasaplaýan maddany aýyrmak barada, halkara guramalaryň çagyryşlarynyň fonunda ýüze çykdy.

Şeýle-de bolsa, halkara ynsan hukuklary guramalarynyň we raýat jemgyýetiniň ýüz tutmalaryna garamazdan, gomoseksualizmi jenaýat hasaplaýan madda täzeden seredilen Jenaýat kodeksinde saklanyp galdy; öňki 120-nji madda şol durşuna 154-nji madda hökmünde üýtgedilmän alyndy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG