Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak žurnalisti Otepowa galplaşdyrylan aýyplamalar boýunça iş kesildi 


 Aýgül Otepowa
Aýgül Otepowa

Gazagystanyň kazyýeti blogçyny we žurnalisti “şertli çäklendirme” bilen bir ýyl azatlykdan mahrum etmek we 100 sagat mejbury zähmet jezasyna hökümet etdi. Žurnalistleri goramak baradaky komitet (CPJ) bu hökümiň esassyzdygyny we “galp aýyplamalara” daýanýandygyny aýdýar.

Paýtagt Nur-Soltandaky kazyýet 29-njy aprelde Aýgül Otepowany gadagan edilen syýasy toparlara gatnaşmakda günäli tapyp, onuň üç ýyllap “köpçülikleýin we syýasy çäreler” bilen meşgullanmagyny, şol sanda metbugatda işlemegini gadagan etdi.

Otepowa bu aýyplamalary ret etdi we çykarylan hökümiň üstünden şikaýat etmek isleýändigini aýtdy.

Žurnalist we onuň aklawçysy bu jenaýat işiniň onuň sesini sem etmek, döwlet edaralarynyň işi baradaky tankydy habarlaryny togtatmak üçin edilýän synanyşykdygyny aýtdy.

Žurnalistleri goramak baradaky komitetiň Ýewropa we Merkezi Aziýa programmasynyň utgaşdyryjysy Gülnoza Saidiň pikiriçe, bu höküm ekstremist toparlary gadagan etmek üçin çykarylan diýilýän kanunlaryň syýasy nägileligi basyp ýatyrmak üçin yzygiderli ulanylýandygyny ýene bir gezek tassyk etdi.

Said häkimiýetleri "şikaýat edilende bu esassyz hökümi ýatyrmaga" we Otepowanyň "derňew žurnalistikasyny alyp barmak we tankydy pikirleri beýan etmek hukugynyň doly hormatlanmagyna" çagyrdy.

Otepowa sentýabryň ortalarynda, Facebookda koronawirus epidemiýasynyň öňüni almak boýunça resmi tagallalary tankytlaýan ýazgy ýerleşdirenden soň tussag edildi.

XS
SM
MD
LG