Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan serhet çaknyşyklarynda 13 adamyň öldürilendigini aýdýar


Batken sebitiniň ýerli häkimiýetleri 13,500 gyrgyzyň serhet ýakasyndaky obalardan ewakuasiýa edilendigini aýtdy.
Batken sebitiniň ýerli häkimiýetleri 13,500 gyrgyzyň serhet ýakasyndaky obalardan ewakuasiýa edilendigini aýtdy.

Maglumatlara berk gözegçilik edýän awtoritar döwlet bolan Täjigistan ejir çekenleriň sany babatynda seresaplylyk edip, täjik raýatlarynyň diňe iki sanysynyň ýaragdan ýaralanyp, 29-njy aprelde keselhana ýerleşdirilendigini, ýene ýedi ýerli ýaşaýjynyň çaknyşyklarda ýaraly bolandygyny aýtdy.

Gyrgyzystan iki tarapdan hem atyşygyň bes edilýändigi yglan edilmezden öň Täjigistan bilen aradaky serhediň jedelli böleginde bolan çaknyşyklarda ölenleriň sanyny 13-e ýetirdi.

Gyrgyzystanyň Saglyk ministrligi 30-njy aprelde serhediň iki tarapyndaky ýaşaýjylar 28-nji aprelde biri-birine daş zyňyp başlandan soň başlanan çaknyşykda 134 adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

Ýagdaý tiz ýitileşdi we Gyrgyzystanyň günorta-günbataryndaky Batken sebitiniň Leýlek etrabynda gyrgyz we täjik güýçleriniň ok atyşmagyna alyp geldi.

29-njy aprel güni giçlik iki ýurduň daşary işler ministrlikleri atyşygy bes etmek barada ylalaşandyklaryny we konflikti diplomatiýa arkaly çözmek tagallalary edilýän wagtynda goşunlaryň yza çekiljekdigini habar berdiler.

Batken sebitiniň ýerli häkimiýetleri 13,500 gyrgyzyň serhet ýakasyndaky obalardan ewakuasiýa edilendigini aýtdy.

Batken sebitindäki gyrgyz polisiýasy Kok-Taş obasynda ýerleşýän harby bölüme ok atyp başlandyklaryny aýdyp, ýagdaýlaryň ýitileşmeginde Täjigistanyň raýatlaryny aýyplady, şeýle-de Gyrgyzystanyň Ak-Saý obasynyň golaýyndaky ýerlere täjik tarapyndan ok atylandygy habar berildi.

Täjigistanyň serhet goragçylary gyrgyz tarapynyň aýdanlaryny ret etdi we gyrgyz harbylarynyň täjik häkimiýetleriniň ygtyýarlyklarynyň çäginde ýerleşýän Golownoý suw paýlaýyş merkeziniň golaýyndaky täjik serhet bölümlerine ilkinji bolup ok atandygyny aýtdy.

Maglumatlara berk gözegçilik edýän awtoritar döwlet bolan Täjigistan ejir çekenleriň sany babatynda has seresaplylyk edip, täjik raýatlarynyň diňe iki sanysynyň ýaragdan ýaralanandygyny we 29-njy aprelde keselhana ýerleşdirilendigini, çaknyşyklarda ýene ýedi ýerli ýaşaýjynyň ýaraly bolandygyny aýtdy.

1991-nji ýylda Sowet Soýuzy darganyndan soň, Merkezi Aziýanyň serhetýaka sebitleriniň bir topar ýerinde dawa-jenjel turup, ençeme gezek ganly atyşyklara sebäp boldy.

Hususan-da ýagdaý Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň araçäkleşýän ýerlerinde, durnuksyz Fergana jülgesindäki ýaşaýyş nokatlarynda çylşyrymly bolmagynda galýar.

XS
SM
MD
LG