Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz we täjik serhetlerinde bolan ganly çaknyşykdan soň asudalyk saklanýar


Batken, gyrgyz-täjik serhedi.
Batken, gyrgyz-täjik serhedi.

Saglyk ministriniň orunbasary Aliza Soltonbekowa 30-njy aprelde Azatlyk radiosyna beren interwýusynda 28-29-njy aprelde bolan çaknyşykda 154 gyrgyz raýatynyň, şol sanda 23 hukuk goraýjynyň, howpsuzlyk we harby işgäriň ýaralanandygyny aýtdy.

Gyrgyz resmileri täjigistanlylar bilen bolan çaknyşyklarda ýurduň 31 raýatynyň öldürilendigini habar bereninden soň, Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň arasyndaky aladaly araçäkde gelnen ylalaşyk düzgünleri saklanylýana meňzeýär. Täjigistan bu çaknyşyklarda has az pidany hasaba aldy.

Saglyk ministriniň orunbasary Aliza Soltonbekowa 30-njy aprelde Azatlyk radiosyna beren interwýusynda 28-29-njy aprelde bolan çaknyşykda 154 gyrgyz raýatynyň, şol sanda 23 hukuk goraýjynyň, howpsuzlyk we harby işgäriň ýaralanandygyny aýtdy.

Gyrgyz häkimiýetleri 29-njy aprelden bäri serhet ýakasyndaky obalardan 20,000 töweregi adamyň, esasanam aýallaryň we çagalaryň ewakuasiýa edilendigini aýtdy.

Azatlyk radiosynyň Täjik gullugynyň ýerli habarçylary 28-nji aprelde serhediň iki tarapyndaky ýaşaýjylar bir-birine daş zyňyp başlandan soň dörän çaknyşykda Täjigistanyň azyndan on iki raýatynyň, şol sanda dört harby işgäriň ölendigini, onlarça adamyň ýaralanandygyny habar berdiler.

29-njy aprel güni giçlik iki ýurduň daşary işler ministrlikleri atyşygy bes etmek barada ylalaşandyklaryny we oňuşmazlyklar diplomatiýa arkaly çözülýän wagtynda goşunyň yza çekiljekdigini habar berdiler.

Täjigistanyň “Howar” döwlet habar gullugy 30-njy aprelde prezident Emomali Rahmonyň gyrgyz kärdeşi Sadyr Žaparow bilen serhet ýakasyndaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşmak üçin gepleşik geçirendigini aýtdy.

Iki prezident geljekde iki merkezi aziýa döwletiniň arasynda dowam edýän ýagdaýlary we serhedi kesgitlemek boýunça bilelikde edilýän tagallalary dowam etdirmek barada ylalaşdy diýip, habarda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG