Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Moskwadaky ilçihanasy konsullyk hyzmatlaryny azaldýar


ABŞ-nyň Moskwadaky ilçihanasynyň daş görnüşi.

ABŞ-nyň Moskwadaky ilçihanasy 12-nji maýdan başlap bu ýurtdaky konsullyk hyzmatlaryny iň pes derjejä çenli azaltmak kararyna geldi.

Kadadan çykma diňe ABŞ raýatlary bilen bagly adatdan daşary ýagdaýlar we orsýetlilere gyssagly wiza berilmegi bilen babatynda ýol berlip biler diýip, amerikan diplomatik missisýasynyň habarynda aýdylýar.

Bu çäklendirmelere Moskwanyň konsullyk gullugynyň işgärlerini 75% azaltmagy sebäp boldy. Rus häkimiýetleri 23-nji aprelde ABŞ-nyň diplomatik wekilhanasynyň daşary ýurt raýatlaryny işe almagynyň gadagan edilendigini habar berdiler.

"Biz rus hökümetiniň hereketleriniň biziň konsullyk işgärlerimiziň sanyny azaltmaga mejbur edendigine gynanýarys" diýip, içihananyň habarynda aýdylýar.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin biraz öň ýurduň raýatlarynyň "dost däl döwletleriň" diplomatik wekilhanalarynda işlemek mümkinçiliklerini çäklendirýän karara gol çekdi.

Dost däl ýurtlaryň sanawy hökümet tarapyndan kesgitlener, mundan öň kanunlarda beýle adalga duşmaýardy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG