Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gyrgyz-täjik serhedindäki çaknyşyk: daş atyşmakdan, taýaklaşmadan, ok atyşlyga hem agyr ýaraglara çenli


Gyrgyzystanyň Täjigistana serhetdeş Batken oblastynyň milisiýasynyň ýörite gullukçylary

Gyrgyzystan-Täjigistan serhedinde ýene-de çaknyşyk ýüze çykdy. Bu gezekde dörän çaknyşygyň gazaby öňküsinden has güýçli hem gerimi giň boldy.

Gyrgyzystan-Täjigistan serhediniň iki tarapynda söweşýän toparlar 29-njy aprelde agşamlyk 24 sagada çeken çaknyşykdan soň, ýaraşyk ylalaşygyna geldiler. Bu sebitdäki Sowet Soýuzy dargansoň ýüze çykan iň zorlukly we giňden ýaýran çaknyşyk boldy.

Gyrgyzystan bilen Täjigistan jemgyýetleriniň arasyndaky umumy serhet ýakasynda dartgynlylyk ýyllaryň dowamynda güýçlenip, taýak we daş zyňyşmakdan, soňky ýyllarda atyşyk, kämahal minomýot ýa-da granatamýot atyşyklaryna baryp ýetdi.

Bu gezek hem şeýle boldy. Çaknyşyklar netijesinde iki tarapdan onlarça adam öldi hem azyndan 150 adam ýaralandy.

NÄME BOLUP GEÇDI?

Çaknyşyk 28-nji aprelde Gyrgyzystanyň Kök-Daş obasynda, ýagny 2013-nji ýylyň ýanwarynda, ýerli söwda dükanynda, Çorkuh odasyndan gelen ýaş täjikler bilen gyrgyzlaryň arasynda ýumruklaşmanyň dörän ýerde ýüze çykdy.

29-njy aprelde ýerli ýaşaýjylaryň arasynda çaknyşyk güýçlenip, iki ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň ýaragly hüjüm edendigi habar berildi.

Gyrgyzystanyň Milli döwlet howpsuzlyk komiteti (MDHK) Täjigistan tarapynyň agyr pulemýot we minomýot ulanandygyny aýtdy.

Bu aýdylýanlar garaşsyz çeşmelerden tassyklanmady, ýöne Täjigistan güýçleriniň şuňa meňzeş serhet çaknyşyklarynda, 2014-nji ýylyň ýanwarynda hem 2020-nji ýylyň maý aýynda minomýot ulanandygy barada öň habarlar gelip gowşupdy.

Bu gezekde möhüm bellemeli zat, söweşiň serhet ýakasyndaky beýleki ýerlerde-de ýüze çykmagy boldy, öň beýle ýagdaý bolmandy.

Täjigistanyň howpsuzlyk güýçleriniň Workuh eksklawyndan, Täjigistana barýan ýoluň ugrundaky ýerleri ele geçirendigi habar berilýär. Bu ýoluň ugrundaky gyrgyz obalary boşap galypdyr, köp jaýlar, dükanlar we awtoulaglar oda berlipdir.

Müňlerçe gyrgyz şol ýerden çykdylar. Olaryň köpüsi sebitiň merkezi Batken şäherine barypdyr.

Gyrgyzystanyň MDHK-nyň habaryna görä, Täjigistan güýçleri Gyrgyzystanyň üç serhet postuna – Kapçagaý, Min-Bulak we Dostuk nokatlaryna, şeýle hem Kojogar we Bulak-Başi serhet postlaryna hüjüm edipdir. Habar berlişine görä, birnäçe posta ot berildi.

Täjigistan bilen dören konflikt sebäpli Gyrgyzystanyň Kök-Daş obasyndan bosup çykan adamlar mekdebiň sport zalynda ýerleşdirildi.
Täjigistan bilen dören konflikt sebäpli Gyrgyzystanyň Kök-Daş obasyndan bosup çykan adamlar mekdebiň sport zalynda ýerleşdirildi.

Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy Isfar şäheriniň häkimi Bahowaddin Bahodurzodanyň egninden ýaralandygyny habar berdi.

Täjik redaksiýasynyň habaryna görä, Woruhda we Hoja Alo obasynda täjikleriň arasynda pidalar bar, ýöne muny tassyklamak mümkin däl, sebäbi medisina işgärlerine we ýerli häkimiýetlere metbugat bilen aragatnaşyk saklamak gadagan edildi.

ÇAKNYŞYK NÄMEDEN BAŞLANDY?

Hadysa 28-nji aprelde agşam ýüze çykdy: Täjigistan raýatlarynyň uly bolmadyk topary Kök-Daşdaky Golownoý suw paýlaýyş merkezinde gözegçilik kamerasyny gurmaga synanyşdy. Ol merkez Gyrgyzystana hem Täjigistana gidýän suwy bölýär.

Ýagdaý gapma-garşylyga baryp ýetýär: çaknyşyk ýüze çykyp, daş atyşma başlanýar. Çaknyşyga Kök-Daşyň hem golaýdaky Hoja Alonyň ýaşaýjylary-da goşulýarlar.

Serhet ýakasyndaky Kök-Daş obasy. 2021-nji ýylyň 29-njy apreli.
Serhet ýakasyndaky Kök-Daş obasy. 2021-nji ýylyň 29-njy apreli.

Täjigistanlylar 17-nji aprelde Gyrgyzystanyň işçileriniň gatlada abatlaýyş işlerini geçirýänini görüp, olara garşylyk görkezýärler. Täjigistan tarapy bu işiň öňünden duýdurylmazdan alnyp barylýandygyny öňe sürýär.

Remont-abatlaýyş işi togtadylýar, ýöne ol iş çaknyşygyň döremegine sebäp bolýar.

Serhediň bu böleginde özara ynam azalýarka, ýollary ýa-da beýleki infrastrukturany gurmak ýa-da abatlamak üçin bir taraply synanyşyk başlansa, beýleki tarapdan ol işiň bes edilmegini talap edýän mähelläniň döremegine sebäp bolýar.

Birek-birege şübhe mydama ýüze çykyp gelýär, esasanam Woruh tarapyndaky ýol işleri bilen baglanyşykly köp emele gelýär.

Şol sebitde Gyrgyzystan tarapy her gezek esasy ýolda işe başlanda, Woruhyň ýaşaýjylary munuň eksklawyň üstünden geçmeginden howatyr edip, Woruhy Täjigistandan düýbünden kesip biljek bir ýagdaýyň döremeginden gorkýarlar.

Şonuň üçin ýerli ýaşaýjylar orta çykyp, gurluşyk işlerini saklamaga synanyşýarlar.

Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň habarçysynyň belleýşi ýaly, häzir bu ýol ýapyk, şonuň üçin häzirki wagtda hiç kim ulag bilen Täjigistandan Woruha baryp bilmeýär.

Täjigistanyň Woruh eksklawynyň administrasiýasy.
Täjigistanyň Woruh eksklawynyň administrasiýasy.

Kanallarda ýa-da suw bölüji stansiýalarynda islendik iş hem iki tarapdan-da şuňa meňzeş reaksiýalara getirýär.

Aprel aýynyň başynda Gyrgyzystanyň häkimiýetleri iki ýurdy suw bilen üpjün edýän (Gyrgyzystanyň Kozu-Baglan we Täjigistanyň Hojabokirgon) derýada suw howdany gurmak meýlini yglan etdiler.

Täjigistan derrew ol plana garşy çykyp, munuň Täjigistanyň demirgazygyndaky birnäçe sebitlerde suw üpjünçiligine päsgel berip biljekdigini öňe sürdi.

Sebitiň ilaty şeýle etniki çaknyşyklara has ýykgyn, sebäbi ol ýerde ýaşaýan adamlar gadymky asyrlar boýy bolmadyk döwlet serhet şertleriniň girewi bolup durýarlar.

Gyrgyzystan-Täjigistan serhediniň häzirki konfigurasiýasy, sowet kartograflarynyň tagallalarynyň netijesi bolup, ol Soýuz respublikalaryň arasyny kesýän çyzykdy. Ýöne 1991-nji ýylyň ahyrynda SSSR dargansoň, bu serhetler garaşsyz ýurtlaryň döwlet araçägine öwrüldi.

Ýollar hem-de suwlaryň akym ugry köp ýerde bu serhetleri kesýärler, araçägiň demarkasiýasy umumy uzynlygy 970 kilometre barabar bolan Gyrgyzystan-Täjigistan serhediniň diňe 504 kilometre çenli aralygynda amala aşyryldy.

Gepleşikler örän haýal barýar, ýöne prezident Sadyr Žaparowyň ýolbaşçylygyndaky Gyrgyzystanyň täze ýolbaşçylygy Özbegistan hem Täjigistan bilen serhet gepleşikleriniň tamamlanmagyna işjeň we aç-açan itergi berýär.

Gyrgyzystanyň MDHK ýurduň serhet gullugyna jogapkärdir. Komitetiň ýolbaşçysy Kamçybek Taşiýew mart aýynyň ahyrynda, Täjigistan bilen serhet şertnamasyna laýyklykda, Täjigistan bilen ýanaşyk ýerleriň bir böleginiň olara berilmeginiň deregine, Woruh eksklawynyň eýeçiligini Gyrgyzystana geçirmegi öz içine alyp biljekdigini aýtdy.

Bu teklip Täjigistanda gahar-gazap döretdi we Täjigistan tarapy diňe bir Woruhyň däl, eýsem töweregindäki ýerleriň hem taryhy taýdan Täjigisitana degişlidigini öňe sürdi.

Täjigistanyň prezidenti Rahmon 7-nji aprelde Woruha gaty seýrek sapar gurady. Şonda ol Woruhy Gyrgyzystana geçirilmek barada gepleşikleriň "asla bolmandygyny we bolup bilmejekdigini" aýtdy.

28-nji aprelde, bidüzgünçilikler ýüze çykanda, Taşiýew Gyrgyzystanda däldi, şol gün ol ady aýdylmaýan bir ýurda bejergi almak üçin gidipdi.

IDEAL ÇÖZGÜT ÝOKMY?

Iki jemgyýetiň arasyndaky ynamsyzlyk derejesi soňky çaknyşykdan öňem gaty ýokary ýagdaýdady.

Gyrgyzystan-Täjigistan serhedinde zorluk çaknyşyklary soňky 15 ýylda wagtal-wagtal ýüze çykyp gelýär.

Bularyň ählisi awtoulaglaryň daşlanmagy, soňra ulaglaryň saklanyp, ýolagçylaryň urlup-ýenjilmegi, soň bolsa taýak we daş zyňmakdan başlanyp, baglary hem jaýlary weýran etmäge baryp ýetdi.

Iki tarapyň çaknyşygyna milisionerler, şeýle hem serhetçiler bilen harbylar gatnaşyp başladylar. Olar şeýle ýagdaýa ýetip, iki tarapdan hem yzygiderli ýarag ulandylar, käte parahat ilatdan hem ýarag ulananlar boldy.

Şeýle günlerde mydama bolşy ýaly, iki ýurduň resmileri dartgynlygy gowşatmak çäreleri barada ylalaşýarlar, howpsuzlyk işgärlerine ýarag ulanmazlygy buýurjakdyklaryna wada berýärler hem-de ejir çeken jemagatlar bilen gürleşmek, olary köşeşdirmek üçin resmileri iberýärler.

Olar bilelikdäki serhet gözegçiliklerini hem döretdiler, baýramçylykda iki ýurduň ýaşaýjylarynyň jemlenişigi hem guraldy, ýokary derejeli hökümet resmileri, ýerli häkimiýetleriň wekilleri hem ýaşulularyň ýygnaklary geçirildi.

Şeýle-de bolsa, bu serhetýaka sebitdäki ýaşaýjylaryň gaty az sanlysy ýaraşyk ylalaşyklaryna ýa-da dartgynlygy azaltmak boýunça bilelikdäki tagallalara ynanýan ýaly, sebäbi ol hereketleriň ählisi çalt ähmiýetini ýitirýär.

Mundan-da beteri, zorluk we ýarag ulanmak çärleriniň çägi kem-kemden artýar. Her gezekdäki täze konflikt öňküsinden çynlakaýlaşýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG