Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Blinken Ukraina goldaw hökmünde Kiýewe sapar edýär


ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken
ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken 5-nji maýda Ukraina sapar edip, geçen aý Russiýanyň özüniň Ukraina bilen serhedindäki harbylarynyň sanyny ilki artdyryp, soňra hem yzyna çekmeginden soňra, Birleşen Ştatlaryň Kiýewe goldawyny mälim eder.

“Blinkeniň sapary Russiýanyň dowamly agressiýasynyň arasynda, Birleşen Ştatlaryň Ukrainanyň özygtyýarlylygyny we territorial bütewiligini bek goldaýandygyny äşgär etmäge niýetlenendir” diýip, döwlet departamentiniň metbugat wekili Ned Praýs aýtdy.

Russiýanyň Ukraina bilen serhedinde, şeýle-de 2014-nji ýylda basyp alan Krym ýarymadasynda harbylarynyň sanyny artdyryp başlamagy Kiýewde, Brýusselde we Waşingtonda dartgynlylyklaryň has hem ýitileşip biljekdigi baradaky aladalary döretdi.

23-nji aprelde Moskwa goşunlaryny yzyna çekip başlandygyny yglan etdi. Geçen hepde rus harbylary goşunlarynyň aglaba böleginiň özleriniň hemişeki berkitmelerine dolanandygyny mälim etdi.

ABŞ-nyň Ýewropadaky baş diplomaty Filip Riker geçen hepde çykyş edip, Birleşen Ştatlaryň ýagdaýlary yzarlamagyny dowam etdirjekdigini yglan etdi.

“Biz Russiýanyň hökümeti bilen gepleşiklerimizde özüniň dartgynly hereketlerinden gaça durmalydygyny, şeýle-de Ukrainanyň içindäki we onuň töweregindäki agresiw hereketlerini togtatmalydygyny açyk beýan etdik” diýip, Riker belledi. Ol Waşingtonyň Russiýanyň Gara deňizdäki türgenleşikleri baradaky aladalaryny hem beýan etdi.

Praýsyň sözlerine görä, Blinken ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiý bilen duşuşar, şeýle-de ýurtdaky korrupsiýa garşy has ykjam tagalla etmegine basyş eder. Bu Ukrainanyň Günbatar hyzmatdaşlarynyň esasy talaplarynyň biri bolup dur.

Blinken Ukraina Londondaky G-7 toparynyň daşary işler ministrleriniň maslahatyndan soňra sapar eder.

XS
SM
MD
LG