Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Baýden iýunda Putin bilen duşuşjakdygyna "ynamlydygyny” aýdýar


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden rus kärdeşi Wladimir Putin bilen teklip edilýän sammitiň geçjek wagtynyň we ýeriniň heniz kesgitlenmändigini aýtdy.

"Men biziň muny edip biljekdigimize ynanýaryn. Häzirlikçe kesgitlenen belli bir wagtymyz ýa-da ýerimiz ýok. Bu meseleleriň üstünde işlenilýär" diýip, Baýden 7-nji maýda Ak tamda, žurnalistleriň Ýewropa planlaşdyrylýan sapary wagtynda Putin bilen duşuşyp-duşuşmajagy barada beren soragyna jogap berende aýtdy.

Ol Russiýanyň Ukrain araçäginiň golaýynda we anneksiýa edilen Krymda uly goşun toplamagy meniň Putin bilen "ýüzbe-ýüz duşuşmak islegime täsir etmeýär" diýdi. “Onsoňam siz onuň bu sebitde öň has köp goşunynyň bolandygyny, soň goşunlary yzyna çekendigini bilýänsiňiz” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Baýden aprel aýynda Ukraina abanýan harby wehim hem-de Orsýetiň türmä basylan oppozisiýa aktiwisti Alekseý Nawalna çemeleşmesi sebäpli ýokarlanan dartgynlyklar bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin, Putine üçünji ýurtda duşuşmagy teklip etdi.

XS
SM
MD
LG