Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakly protestçiler Karbala şäherindäki Eýranyň konsulhanasyny oda berdiler


Gijä golaý onlarça protestçi Karbaladaky Eýranyň konsulhanasynyň daşynda ýygnandy we diwarlary, derwezäni oda berdi.
Gijä golaý onlarça protestçi Karbaladaky Eýranyň konsulhanasynyň daşynda ýygnandy we diwarlary, derwezäni oda berdi.

Yrakly protestçiler Karbala şäherinde belli bir aktiwistiň öldürilmeginden soňra, Eýranyň konsulhanasyny oda bermäge synanyşdylar.

2019-njy ýylda Yrakda hökümete garşy protestleriň guramaçysy bolan Ehan Wazni ýurtdaky korrupsiýa, şeýle-de Eýran bilen ilteşikli harby toparlaryň we Tähranyň täsiriniň artmagyna garşy çykýardy.

Ehan Wazni 9-njy maý güni giçlik öýüniň daşynda motosikletdäki näbelli hüjümçiler tarapyndan atylyp öldürildi. Ol 2019-njy ýyldan bäri ýörite nyşana alnyp öldürilen 30 gowrak aktiwistiň soňkusy boldy diýip, Yragyň Adam hukuklary boýunça komissiýasy belleýär.

Wazniniň öldürilmeginden soňra, Karbala şäherinde protestler döredi, demonstrantlar köçeleri we köprüleri böwetlediler, şeýle-de ulag tekerlerini ýakdylar. Ýüzlerçe protestçi “Eýran çyk!”, “Halk režimiň synmagyny isleýär!” diýen şygarlary hem gygyrdylar.

Gijä golaý onlarça protestçi Eýranyň şäherdäki konsulhanasynyň daşynda ýygnandy we diwarlary, derwezäni oda berdi.

Protestleriň Yragyň günortasynda, aglaba şaýylaryň ýaşaýan beýleki şäherlerinde, şol sanda Basrada, Nasiriýahda we Najafda hem geçirilendigi habar berilýär.

XS
SM
MD
LG