Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serhetde dörän çaknyşykdan soň, Gyrgyzystandaky täjikler nähili ýaşaýarlar?


Batken. Arhiwden alnan surat
Batken. Arhiwden alnan surat

Gyrgyzystanda ýaşaýan Täjigistanyň graždanlarynyň birnäçesi serhetýaka sebitlerde dörän çaknyşyklaryň täsirinde, özlerine garşy gysyşlaryň, aýry-aýry şahslara zorluk çäreleriniň bolandygyny Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna gürrüň berdiler.

Diasporanyň wekilleri ýagdaýyň durnuklydygyny bellediler. Täjigistan ilçihanasy Gyrgyzystanyň kanun goraýjy edaralarynyň graždanlaryň hukuklaryny goramak barada wada berendigini aýdýar.

Arza-şikaýatlar hem beýanatlar

Soňky gije-gündiziň dowamynda Orsýetden Oş şäherine uçup gelen Täjigistan raýatlarynyň näbelli adamlar tarapyndan ýenjilýändigi we talanýandygy barada, sosial ulgamlaryň täjik böleginde wideo we habarlar peýda boldy. Azatlygyň Täjik redaksiýasy ol materiallaryň hakykydygyny tassyklap bilmedi. Oş şäherindäki "Dusti" täjik diasporasynyň ýolbaşçysy Holiknazar Alinazar Azatlyk Radiosy bilen telefon arkaly gepleşende, şäherdäki ýagdaýyň durnuklydygyny aýtdy hem soňky günlerde Internetde dezinformasiýa ýaýrandygyny mälim etdi. “Howpsuzlyk edaralary biziň bilen yzygiderli aragatnaşykda, bize jaň edýär hem ýagdaýy soraýar. Bize gowşan maglumatlara görä, tranzit reýsi bilen Russiýadan gelen Täjigistanyň graždanlaryny ulag bilen Özbegistan serhedine äkidilýär" diýip, Alinazar aýdýar.

Şeýle-de bolsa, Oş döwlet uniwersitetinde okaýan täjigistanly talyp Nuriddin Ilýosowyň sözüne görä, ol 30-njy aprelde “Dustlik” barlag geçelgesinde, Gyrgyzystan bilen Özbegistanyň serhedinden geçip barýarka, zorluga duçar bolupdyr.

– Serhetde sport egin-eşikli birtopar adam gelip, nireden gelýändigimizi soradylar, ölen esgerleriň wideo ýazgylaryny görkezip, biziň uruş isleýändigimizi soradylar. Bu adamlar bizden pul talap edip başladylar, kim garşylyk görkezse, ony ýençdiler. Olara hem polisiýa eşikli adamlara pulumyzy bermeli bolduk – diýip, ol gürrüň berýär.

Onuň aýtmagyna görä, Russiýadan uçup, Oş aeroportunyň üsti bilen serhede gelenlere has gödek daraşypdylar.

Täjigistanly sosial ulgamy ulanyjylar Oş aeroportunda talanma barada habar berýän wideolary ýerleşdirýärler hem-de Täjigistanyň graždanlaryna Gyrgyzystanyň üstaşyr geçmezligi haýyş edýärler.

Bişkekdäki “Dordoý” bazarynda eşik satyn alýan täjik gatnaw söwdagärleri hem öz ýagdaýlarynyň ýaramazlaşýandygyny aýdýarlar.

Duşenbeli telekeçisi Şuhrat (ady üýtgedildi) 28-nji aprelde, ýagny serhet ýakasyndaky ýaragly çaknyşygyň öň ýany, haryt almak üçin, Bişkek şäherine gelipdir. “30-njy aprelde bazarda täjik dilinde telefonda gürleşip otyrkam, polisiýa işgärleri meni tussag etdiler. Olardan iki adam polisiýa eşiginde, biri raýat eşigindedi. Maňa haýbat atyp, zatlarymy barlap başladylar. Jübimde 2700 som bardy, ony alyp, meniň ýok bolmagymy buýurdylar" diýýär. Onuň sözüne görä, şol ýagdaýda kanun goraýjy edaralara ýüz tutmak, ýagdaýy has bulaşdyryp biljek eken. Häzir Şuhrat Duşenbä indiki uçar gatnawyna garaşýar.

Graždanlar ilçihanadan närazy

Täjigistanyň Gyrgyzystandaky ilçihanasy Azatlyk Radiosyna Täjigistan graždanlary bilen baglanyşykly ýagdaýyň gözegçilik kontrollygynda saklanýandygyny, maglumatlaryň Gyrgyzystanyň kanun goraýjy edaralaryna ýetirilýändigini aýtdy. “Gyrgyzystanyň wekilleri ýagdaýyň gözegçilik astynda saklanýandygyny, graždanlaryň goraljakdygyna kepil geçýändiklerini bize mälim etdiler" diýip, ilçihananyň wekili aýdýar.

Şol bir wagtyň özünde, Facebook sosial ulgamynda, Täjigistanyň graždanlarynyň Gyrgyzystanyň aeroportunda durandyklaryny, ýöne ilçihananyň wekillerine baryp bilmeýändiklerini ýazýarlar.

Gyrgyz uniwersitetlerinde okaýan talyplar serhetdäki dartgynly ýagdaýyň bu ýurda gelip-gitmek meselesine täsir etmeginden alada edýändiklerini bildirýärler.

Bişkekdäki Gyrgyz-Rus Slawýan Uniwersitetiniň studenti Samir serhetdäki çaknyşyklardan bäri öýden çykmazlyga çalyşýandyklaryny aýdýar. “Ýaşaýan ýerimizden köplenç çykman oturanymyz sebäpli, biz entek hiç hili dawa-jenjele sataşmadyk. Ýöne özümizi arkaýyn duýamyzok. Çaknyşyklar baradaky maglumatlar gaty ýaramaz, bu adamlaryň Täjigistanyň raýatlary hökmünde bize bolan garaýşyna täsir edip biler" diýip, ol aýdýar.

Gyrgyzystanyň Oş hem Batken sebitlerinde ýaşaýan etnik täjikler Azatlyk Radiosy bilen telefon arkaly gepleşenlerinde, öz sebitlerdäki milletara ýagdaýyň durnuklydygyny aýdýarlar, ýöne ýagdaýyň dartgynlygyna salgylanyp, atlaryny aýtmak islemeýärler.

Iki ýurduň resmi maglumatlaryna görä, Gyrgyzystanyň çäginde takmynan 60 müň etniki täjik ýaşaýar, Täjigistanyň çäginde bolsa 96,3 müň etniki gyrgyz ýaşaýar.

Ýatlatsak, Gyrgyzystan-Täjigistan serhedindäki iki gün dowam eden çaknyşykda – 28-29-njy aprel aralygynda, iki tarapdan onlarça adamyň ölendigi, ýüzlerçe adamyň ýaralanandygy habar berildi. Taraplar 1-nji maýda ok atyşyklygy doly bes etmek ylalaşygyny gazandylar hem harby güýçleri hemişelik bolýan ýerine çekmek barada ylalaşyga geldiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG