Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden geçirijä edilen kiberhüjüme Russiýanyň ‘belli bir derejede’ jogapkärçilik çekýändigini aýtdy


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden ýurduň iň uly nebit geçirijisiniň işini togtadan haker hüjümine Russiýanyň “belli bir derejede jogapkärçilik çekýändigini” aýtdy, şol bir wagtda Kremli gönümel aýyplamakdan saklandy.

Baýden Kolonial geçirijisine garşy edilen kiberhüjümine rus hökümetiniň ilteşiginiň bardygyny görkezýän “dellileriň ýokdugyny”, emma hakerleriň ýa-da zyýan beriji programma üpjünçiliginiň “Russiýada ýerleşýändigi” barada “subutnamalaryň” bardygyny belledi.

“Olaryň muňa çäre görmek boýunça belli bir derejede jogapkärçiligi bar” diýip, Baýden 10-njy maýda çykyş etdi. Şeýle-de, ol iýunda rus prezidenti Wladimir Putin bilen uly ähtimallyk bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirip biljekdigini sözüne goşdy.

TASS habar gullugy Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskowdan Baýdeniň bellikleri barada soranda, ol: “Russiýanyň munuň bilen ilteşigi ýok” diýip, jogap berdi.

Mundan öň, Derňewler boýunça Federal Býuro Kolonial geçirijisine DarkSide diýlip bilinýän jenaýatçy toparynyň kiberhüjümi amala aşyrandygyny anyklady. Hakerleriň bu topary geçen ýyl orta çykyp, öz hüjümleriniň pidalaryndan pul talap edýär.

Kiberhowpsuzlyk boýunça bilermenler toparyň Russiýada ýa-da ozalky sowet döwletleriniň birinde ýerleşýän bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar. Mundan başga-da, şol döwletiň howpsuzlyk gulluklarynyň muňa ygtyýar berýän bolmagynyň ähtimaldygy, hat-da kiberjenaýatçylary hakyna tutup öz haýryna ulanýan bolmagynyň mümkindigi bellenilýär.

XS
SM
MD
LG