Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

“Talyban” Kabulyň golaýyndaky bir etraby ele geçirdi


Owgan esgeri. Illýustrasiýa suraty

“Talyban” jeňçileri Kabuldan 40 km uzaklykdaky strategiki etraby ele geçirdiler diýip, owgan resmileri maglumat berýärler.

Bu şu hepdäniň aýagynda, Remezan aýynyň tamamlanmagy mynasybetli bellenilýän Eid al-Fitr baýramynyň dowamynda ok atyşyklary üç günläp bes etmek boýunça gelnen ylalaşygyň arasynda bolup geçdi.

“Howpsuzlyk we goranmak güýçleri Nerh etrabyndaky polisiýanyň baş edarasyndan yza çekilmäge mejbur boldular” diýip, Içeri işler ministrligiň metbugat wekili 12-nji maýda çykyş etdi.

Bu aralykda, uruşdan ejir çekýän Owganystandan ABŞ we halkara güýçleriniň çykarylmagy dowam etdirilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG