Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Durnuklylykmy ýa-da durgunlyk? Ösüşmi ýa-da durmaklyk? Nazarbaýewiň aýdanlaryny seljerme


Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýew.
Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýew.

Öňki prezident Nursoltan Nazarbaýew Gazagystanyň Halk Assambleýasynyň mejlisinde eden çykyşynda, onýyllyklaryň dowamynda gazanylan "ykdysady ösüş" we ýetilen "durnuklylyk" barada aýtdy. Ol 2019-njy ýylda prezidentlik wezipesinden çekilse-de, köpleriň pikirine görä, ol de-fakto, ýagny iş ýüzünde heniz hem ýurdy dolandyrmagyny dowam etdirýär. Bilermenler näme üçin Nazarbaýewiň aýdanlaryny “manipulýasiýa” hasap edýärler?

«MANIPULÝASIÝA» ÝA-DA NÄME ÜÇIN 90-njy ÝYLLAR BILEN DEŇEŞDIRME GETIRILÝÄR?

Gazagystan soňky 30 ýylda ykdysady ösüşde üstünlik gazandy we syýasy durnuklylyk şertlerinde ýaşaýar – bular SSSR-iň dargamagyndan ozal häkimiýete gelen we häzirki wagtda-da döwlet syýasatynda esasy orunda durýan Nursoltan Nazarbaýewiň çykyşynyň esasy özeni bolup durýar.

Öňki prezident ýurdy dolandyran ýyllarynda gazananlaryny tassyklamak üçin, birnäçe sanlara salgylandy.

— Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurduň adam başyna düşýän jemi içerki önümi 13 esse ýokarlandy. Sowet Soýuzy dargandan soň, Gazagystanda 1500 kärhana saklandy we işsizlik iki million adama ýetdi. Şonda biz ilatyň 47,5 göteriminiň garyplyk çäginden aşakda ýaşaýandygyny gördük. Häzirki wagtda ol görkeziji 10 göterimden aşakda. Ýagny bu islendik ösen ýurtdaky garyplyk bilen deňeçerdir. Işsizlik bolsa üç esse azaldy – 4,5 göterime çenli – diýýär.

Nazarbaýewiň häzirki döwrüň sosial-ykdysady görkezijilerini 1990-njy ýyllar bilen deňeşdirmegi ilkinji gezek däl. Şol döwürde ýurt agyr krizisi başdan geçirýärdi, ol entek daşary ýurtlara çig mal eksportyny ýola goýmandy, satuwdan alnan girdejini býudjetiň çykdajylary ýuwudýardy. Bilermenler Nazarbaýewiň häzirki döwri 1990-njy ýyllaryň kyn günleri bilen deňeşdirmegini syýasy hile hasaplaýarlar.

— Häzirki ýagdaýy 30 ýyl mundan öňki döwür bilen deňeşdirmek – nobatdaky hilegärlik. Ol (Nazarbaýew – Red.) on ýyl mundan ozalky ýagdaý bilen deňeşdirip bilmez, sebäbi 2009-2010-njy ýyllar aralygynda nebitiň bahasy birden peselende, Gazagystanyň ykdysadyýeti ösmedi — diýip, ABŞ-nyň Jorj Waşington uniwersitetiniň strategiki aragatnaşyk boýunça magistr derejesini alan gazak syýasatçysy Şalkar Nurseýtow aýdýar.

Halkara maliýe guramalary köp ýyl bäri Gazagystana ykdysadyýetini diwersifikasiýa etmegi we çig mala garaşly bolmakdan daşlaşmagy maslahat berýärler. Häkimiýetler dil ýüzünden diwersifikasiýany yglan edýärler, ýöne bilermenleriň pikirine görä, hakykatda ýagdaý üýtgemän gelýär – ýurduň öz uly önümçilik desgalary we gaýtadan işleýän kärhanalary öň bolmandy, häzirem ýok.

— Senagat we innowasiýa ösüş maksatnamalary üçin, bäş ýyllyk meýilnamalaryň bardygyna garamazdan, olaryň durmuşa ornaşdyrylyşy barada takyk maglumat ýok. Biziň görşümiz ýaly, eksportyň 70 göterimini henizem çig mal göterýär, bu bolsa taýýar önümlerimiziň gaty azdygyny aňladýar. Bu maksatnamalar amala aşyrylsa, Gazagystan iň ösen ýurtlaryň hataryna girerdi – diýip, Jemgyýetçilik meselelerini seljermek merkeziniň bilermeni, ykdysatçy Meruýert Mahmudowa belleýär.

Nazarbaýew 28-nji aprelde geçen Gazagystanyň Halk Assambleýasynyň mejlisinde "ýurduň halkara gorlarynyň 90 milliard dollardan geçendigini" we "Milli gaznanyň ykdysady çökgünlikden halas edýändigini" aýtdy.

— Hawa, Milli gaznadaky altyn we walýuta ätiýaçlyklary 90 milliard dollara barabar – bu fakt. Başga bir mesele, elbetde, bu puluň nähili sarp edilýändigi – diýip, ykdysatçy Magbat Spanow belleýär.

Ykdysatçy Meruýert Mahmudowa Nazarbaýewiň 1990-njy ýyllarda Gazagystanyň ilatynyň 47 göteriminiň garyplyk çäginden aşakda ýaşandygy barada aýdanlarynyň hem beýle takyk däldigini düşündirýär.

— Garyplyk derejesi diňe 1994-nji ýylda hasaba alyndy hem ol 38 göterime ýetipdi. Indi ol 4,5 göterime çenli pese düşdi diýmek ýalňyş, sebäbi biz garyplyga baha berliş derejesine şübhelenýäris. Eger hökümet kimdir birini “garyp” hasaplasa, olara kömek etmeli. Garyplyk ýok – kömek etmegiň hem zerurlygy ýok. 2005-nji ýyldan bäri Gazagystanyň hökümeti garyplygy azaltmak boýunça maksatnamalary bes etdi, ondan ozal her ýyl kabul edýärdi – diýip, ykdysatçy aýdýar.

Bütindünýä bankynyň bilermenleriniň berýän bahasyna görä, maliýe guramasy tarapyndan soňky 20 ýylda ýurt üçin iň kyn ýyl diýlip yglan edilen 2020-nji ýylda, Gazagystanda garyplaryň sany 14-16 göterim artypdyr.

Gazagystanyň öňki prezidenti ýurtda 30 ýyldan gowrak wagtyň içinde 13 müň kilometrden gowrak ýoluň we 2,5 müň kilometr demirýoluň gurlandygyny we awtomagistrallaryň gowulaşandygyny aýtdy. Emma Gazagystan 2019-njy ýyldaky Bütindünýä Ykdysady Forumynyň ýol hilinde 137 ýurduň arasynda, 115-nji orunda durýar. Ýewropa Bileleşiginiň statistika gullugynyň habaryna görä, Gazagystan ýol hadysalarynyň sany boýunça dünýäde ilkinji bäş ýurduň hataryna girýär. Ýol gurluşygynyň hiliniň pesligi awtoulag hadysalarynyň köp bolmagynyň sebäplerinden biri hasaplanýar. Köp adam pes hilli abatlaýyş işleriniň sebäplerini korrupsiýanyň ýokary derejesi hem-de pul ýuwmak işleri bilen baglanyşdyrýar. Halkara “korrupsiýa garaýyş indeks – 2020-de” Gazagystan 94-nji ýerde durýar we korrupsiýa has ýykgyn edýän ýurtlaryň hataryna girýär.

«DURNUKLYLYK» HEM «HÖKÜMET MIRASDÜŞERLIGINIŇ DOWAMY»

Nazarbaýew öz çykyşynda, döwlet üçin işlenýän syýasy strategiýa bolan "durnuklylyk" barada-da durup geçdi.

— Käbir oppozisiýa ýoldaşlaryň: ol hemişe durnuklylyk we asudalyk hakda aýdýar diýýänini eşidýärin! Has gowusy näme? Durnuksyzlykmy? Biz rewolýusiýadan rewolýusiýa, uruşdan söweşe barýan ýurtda ösüşiň ýokdugyny görýäris – diýip, Nazarbaýew mälim etdi.

Ol "oppozisiýa ýoldaşlaryň" adyny aýtmady hem-de onuň tassyklamagyna görä, daşary ýurtlardan maliýeleşdirilýän we Gazagystanyň "binýadyny pese gaçyrmaga" synanyşýan onlaýn çeşmeleriň atlaryny-da aýtmady.

Öz pikirdeşleri bilen oppozisiýada durjak Demokratik partiýasyny hasaba aldyryp bilmedik aktiwist Žanbolat Mamaý häkimiýetleriň düşünişine görä, durnuklylyk diýmek, munuň özi durgunlyk, ýagny ileri ösmezlik diýdi.

— Gazagystanda diňe Nazarbaýewiň döreden awtoritar syýasy ulgamy durnukly. Jemgyýetde we döwletde durnuklylyk diýmek; adalatly saýlawlaryň bolmagy, söz azatlygyna we syýasy plýuralizme ýol açylmagydyr. Hut şol demokratik gymmatlyklar durnukly ösüşiň görkezijileri hasaplanýar. Bizde beýle gymmatlyklar diňe dil ýüzünde bar. Bu gymmatlyklar babatynda Gazagystan mydama yzda durýar – diýip, Gazagystanda geçirilen protest ýörişlerini guraýjy we oňa gatnaşyjy Mamaý aýdýar.

Gazagystanyň Halk Assambleýasynyň mejlisinde Nazarbaýew 1995-nji ýylda öz islegi bilen döredilen bu maslahat beriji geňeşiň başlygy wezipesini mirasdüşeri Kasym-Žomart Tokaýewe geçirýändigini aýtdy.

Näme üçin Nazarbaýew Tokaýewe GHA-nyň başlyklyk wezipesini berdi?

Nazarbaýew Gazagystanda bolup geçen iň ganly milletara çaknyşyk barada kazyýet hökümden bir gün soň GHA-nyň başlygy wezipesinden aýryldy. Žambyl oblastynyň kazyýeti elli adamyň jenaýat işine garady. 2020-nji ýylyň fewral aýynda esasan dunganlaryň ýaşaýan obalarynda bolup geçen çaknyşykda, adam öldürmekde we talaňçylykda aýyplananlar bir ýyl şertli tussaglykdan, 20 ýyla çenli dürli şertlerde azatlykdan mahrum edildi.

Ol çaknyşyk gazaklar bilen diaspora wekilleriniň arasyndaky ilkinji milletara garpyşyk däl. Her gezek şeýle gapma-garşylyk ýüze çykanda, ýurduň häkimiýetleri ýagdaýyň içerki gizlin sebäpleri barada gürleşýärdiler. Düzgün boýunça milletara ýaraşygyň berkligini üpjün etmek maksady bilen döredilen Gazagystanyň Halk Assambleýasy şol gezekde dymdy.

«Ol ýa-da beýleki bir şertde ýurtda ýüze çykýan milletara çaknyşyklar wagtynda, GHA taraplary zyýansyzlandyrmakda täsirli araçyllygy, krizisi aramlaşdyrmakda guramaçylyk ukybyny görkezmedi. Ýagny, birinji prezident öz mirasdüşerine uzak wagtdan bäri içine suw syzýan gämidäki kapitanyň köprüsini berýär. Geçen ýylda bolup geçen Kordaý wakasy Gazagystandaky milletara ýagdaýyň durnuksyzdygyny görkezýär – diýip, “Töwekgelçiligi kesgitlemek toparynyň” müdiri, syýasat alymy Dosym Satpaýew Facebook sahypasynda ýazdy.

Onlarça etniki medeni merkezleri özünde birleşdirýän Assambleýa has köp bezeg – gözboýagçylyk işlerini ýerine ýetirýär, ol häkimiýetleriň bähbitlerini ýokarlandyryş guralyna öwrüldi diýip, bilermenler aýdýarlar. Mysal üçin, 2010-njy ýylda GHA Nazarbaýewiň prezidentlik möhletini referendum arkaly uzaltmak teklibini goldady. GHA-dan Mejlise saýlanan dokuz deputat hökümetiň tekliplerini makullaýar hem-de häkimiýetleri hiç wagt tankytlamaýar, şeýlelik bilen olar Gazagystan "milletara parahatçylygyň we ylalaşygyň nusgasy" diýen sözleri goldaýar. "Parahatçylyk we ylalaşyk" ideýasy bolsa giň ygtyýarlyklara eýe bolan Nazarbaýewiň "peýdasyna" ýazylýar.

2019-njy ýylda prezidentlik wezipesinden çekilen Nazarbaýew täsirli Howpsuzlyk Geňeşiniň ömürlik başlygy wezipesinde galdy, iş başynda duran prezident iň möhüm wezipä bellenýänler barada, onuň bilen ylalaşyp, esasy wezipeleri bilelikde utgaşdyrmaly. Nazarbaýew resmileriň köplügine eýe bolan we ýurduň mejlisinde agdyklyk edýän “Nur Otan” partiýasyna ýolbaşçylyk edýär. Şeýle hem öňki prezident derňewlerden halas we emlägine eldegrilmesizlik kepilligini berýän "milletiň lideri" derejesinden hem peýdalanýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG