Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Üç günlük ýaraşygyň ilkinji hüjümlerinde azyndan 11 raýat öldürildi


Owganystan. Oraza baýramyny belleýän adamlar
Owganystan. Oraza baýramyny belleýän adamlar

Owganystanda Remezan aýynyň soňlanmagy bilen bellenýän Oraza baýramy mynasybetli baglaşylan üç günlük ýaraşyk güýje girenden birnäçe sagat soň, aýry-aýrylykda guralan dört bomba hüjüminde azyndan 11 adam, asuda ýaşaýjy öldürildi, 13 adam bolsa ýaralandy.

ABŞ-nyň we beýleki halkara güýçleriniň 11-nji sentýabra çenli ýurtdan çykarylmagynyň planlaşdyrylmagy netijesinde has möwjän söweşlere garamazdan, "Talyban" we Owganystanyň hökümeti şu hepdäniň başynda Oraza baýramy wagtynda tutuş ýurt boýunça ýaraşyk yglan etdi.

13-nji maýda wepat bolan asuda adamlaryň köpüsi ýol ýakasyndaky bombalaryň pidalary bolupdyr.

Günortadaky Kandahar welaýatynyň Panjwai etrabynda bolan bomba partlamasynda bäş adam, şol sanda bir aýal we çagalar hem öldi diýip, welaýat polisiýasynyň metbugat wekili Jamal Naser Barekzaý aýtdy.

Şol welaýatyň Maiwand etrabynda bolsa, taksiniň aşagynda ýarylan başga bir bomba iki çagany öldürdi we üç uly adamy ýaralady diýip, Berekzaý sözüniň üstüni ýetirdi.

Resmileriň aýtmaklaryna görä, Gazni welaýatynda hem iki adam ýol ýakasyndaky bombanyň pidasy boldy.

Welaýatyň polisiýa başlygynyň metbugat wekili Enhamuddin Rahmaniniň sözlerine görä, demirgazykdaky Gunduz welaýatynda raýat ulagyna berkidilen bomba ýarylanda, asuda ilatdan iki adam öldi, 10 adamy ýaralandy.

XS
SM
MD
LG