Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýolbaşçylar onlaýn öjükdirmelerine garşy göreşiň çärelerini gözleýär


Täze Zelandiýanyň premýer-ministri Jasinda Ardern betbagtçylygyň bolan ýerine sapar edýär. 16-njy mart, 2019. Arhiw suraty
Täze Zelandiýanyň premýer-ministri Jasinda Ardern betbagtçylygyň bolan ýerine sapar edýär. 16-njy mart, 2019. Arhiw suraty

50-den gowrak ýurduň ýolbaşçylary we iri tehnologiýa kompaniýalary, söz azatlygyna zyýan ýetirmezden, ekstremistik zorlugyň internetde ýaýramagynyň öňüni almagyň ýollaryny gözlemek üçin 15-nji maýda guralan wideo şekilli maslahata ýygnandy.

Bu duşuşyk Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron bilen Täze Zelandiýanyň premýer-ministri Jasinda Arderniň öz ýurtlarynda bolup geçen ganly hüjümler sosial ulgamlarda göni alnyp görkezilenden ýa paýlaşylmagyndan soň başlan global tagallalarynyň bir bölegidir.

Iki ýyl mundan ozal Täze Zelandiýada bir akýagyz yňdarma Facebookda 51 musulman ybadatçysynyň öldürilişini göni alyp görkezdi.

Fransiýada bolsa, oktýabr aýynda öldürilen mugallym Samuel Patiniň pajygaly ölümi babatda şeýle ýagdaý gaýtalandy. Sülçüler munuň yslamçylyga esaslanan terrorçylykly hereket bolandygyny aýtdylar.

Mugallym sapak wagtynda Muhammet pygamberiň keşbini görkezendigi sebäpli özüne garşy gurnalan onlaýn öjükdirmeleri esasynda öldürildi. Hüjümçi soň internetde öz eden işi bilen öwündi.

Patä edilen hüjüm "ýatdan çykarylyp bilinmez we unudylmaz” diýip, Makron wirtual ýygnagyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda aýtdy we internetiň terrorçylar tarapyndan ýigrenji ýaýratmak üçin ýarag hökmünde ulanylmagynyň dowam etdirilýändigini hem sözüne goşdy.

"Bu meselede dogry çözgüt tapmak bize, demokratik döwletlere we esasy azatlyklary goraýjylara bagly" diýip, Makron belledi.

“Christchurch Call” ady bilen bilinýän bu başlangyç Täze Zelandiýada guralan hüjümiň ýerleşýän ýeriniň ady bilen atlandyryldy. Häzir bu taslama elli bäş ýurt, şol sanda ABŞ, Estoniýa, Çehiýa we Slowakiýa tarapyndan goldanylýar.

Bu ýylky ýygnanyşygyň maksady hökümetleri we Google, Facebook, Twitter we Amazon ýaly internet ägirtlerini bir ýere jemlemekden hem-de utgaşdyryş tagallalaryny janlandyrmakdan ybarat.

ABŞ hökümeti bu tagallalara şu ýylda ilkinji gezek goşuldy.

XS
SM
MD
LG