Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

SWR-iň başlygy SolarWinds-e Russiýanyň haker hüjümini edendigini ret edýär


Russiýanyň Daşarky aňtaw gullugunyň (SWR) başlygy Sergeý Naryşkin
Russiýanyň Daşarky aňtaw gullugunyň (SWR) başlygy Sergeý Naryşkin

Russiýanyň Daşarky aňtaw gullugunyň (SWR) başlygy özüniň garamagyndaky edarasynyň SolarWinds-e garşy kiber-hüjümini amala aşyrandygy baradaky aýyplamalary ret etdi. Birleşen Ştatlaryň we Britaniýanyň aňtaw gulluklary bu hüjüm bilen ilteşikli Moskwany aýyplaýarlar. Bu sebäpli ABŞ Russiýa garşy sanskiýalary hem girizipdi.

2020-nji ýylyň dekabrynda üsti açylan hüjümde hakerler ABŞ-nyň SolarWinds kompaniýasynyň programma üpjünçiliginiň täzelenmelerine zyýanly kod girizipdiler. Bu soňy bilen Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň ençeme edaralary, şeýle-de ABŞ-nyň we Ýewropanyň birnäçe kompaniýalary tarapyndan öz ulgamlaryna indirildi.

Munuň netijesinde Birleşen Ştatlaryň dokuz federal gullugy we şahsy pudagyň ýüzlerçe kompaniýasy zyýan çekdi.

“Bu öňe sürmeler ýaramaz detektiw hekaýasyna çalym edýär” diýip, SWR-iň direktory Sergeý Naryşkin 18-nji maýda BBC-niň Rus gullugyna aýtdy.

Naryşkin rus prezidenti Wladimir Putiniň ýakyn egindeşleriniň biri hasaplanýar.

BBC SolarWinds-e garşy edilen hüjümiň arkasynda SWR-iň durup-durmandygyny soranynda, Naryşkyn eger-de öz gözegçiligindäki edarasynyň muňa jogapkär bolan bolsa, onda özüniň muňa “monça boljakdygyny”, emma “beýlekileriň döredijilikli üstünlikleri” diýip häsiýetlendiren çärelerini “hamana, özüniň amal edendigi ýaly öňe sürüp bilmejekdigini” sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG