Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halkara çagyryşlara garamazdan, Ysraýyl bilen Hamasyň arasyndaky çaknyşyklar gowşamaýar


Bir hepdäniň dowamyndaky çaknyşyklarda 200-den aşa adam öldi.

Gaza sebitindäki soňky ýyllaryň dowamyndaky iň güýçli gazaplylygy togtatmak ugrundaky edilýän halkara diplomatiki tagallalara garamazdan, Ysraýyl bilen Hamasyň arasyndaky çaknyşyklar dowam edýär.

18-nji maýda Ysraýyl Gazadaky söweşijileriň nyşanalaryna garşy howa zarbalaryny urandygyny aýtdy. Munuň netijesinde, alty gatly bina weýran boldy. Söweşijiler Ysraýyla onlarça raketany atdylar. Öten agşamky zarbalaryň netijesinde ýüze çykan ýitgiler barada bada-bat maglumat elýeterli edilmedi.

18-nji maýda Ysraýyldaky, Ierusalimdäki we Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky palestinlylar umumy iş taşlaýyş geçirdiler. Muny Ysraýylyň içindäki ilatyň 20%-ni düzýän palestin jemgyýetiniň liderleri yglan etdiler.

18-nji maýda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi we Ýewropa Bileleşigi çaknyşyklary diplomatiki ýol bilen bes etmek boýunça edilýän tagallalaryň arasynda gyssagly maslahat geçirýärler. Bir hepdäniň dowamyndaky çaknyşyklarda 200-den aşa adam öldi.

Çaknyşyklary bes etmek boýunça edilýän çagyryşlara garamazdan, Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu 17-nji maýda çykyş edip, “Ysraýylyň ähli raýatyna asudalyk we howpsuzlyk ornaşdyrylýança”, Ysraýylyň Gazada “terroristik nyşanalara garşy zarbalaryny dowam etdirjekdigini” aýtdy.

Ak Tamyň maglumatyna görä, Birleşen Ştatlaryň prezidenti Jo Baýden 17-nji maýda Netanýahua ok atyşyklaryň bes edilmegini goldaýandygyny aýtdy, emma ýaraşygy talap etmedi.

Öten gijäniň dowamynda Ysraýyl Gaza zarbalaryny dowam etdirdi diýip, AFP habar berdi. Howa hüjüminde köçelere we beýleki ifrastruktura obýektlerine zeper ýetdi, elektrik üpjünçiligi kesildi.

Ysraýyl harbylary Hamasyň we beýleki palestin toparlarynyň Gazadan 3 müň 500 raketa, diňe 17-nji maýda 200 raketa atandygyny aýtdy. Şeýle-de maglumata görä, Ysraýylyň howa we artilleriýa zarbalarynyň netijesinde azyndan 130 söweşiji öldürilipdir.

Howpsuzlyk krizisiniň gumanitar betbagtçylygyna hem ýazmak howpy bar. BMG Gazada 38 müň palestinalynyň göçürilendigini we 2 müň 500-siniň öýlerini ýitirendigini aýtdy.

Ysraýyl Gaza garşy howa kampaniýasyny 10-njy maýda, haçanda Gündogar Ierusalimdäki Al-Aksa metjidiniň töweregindäki ençeme günläp dowam eden tolgunşyklaryň arasynda Hamasyň Ysraýyla tarap raketalary atmagyndan soň başladyldy.

Palestin saglyk resmileriniň maglumatyna görä, Gazada 212 adam, şol sanda 61 çaga ölüpdir, 1 müň 400-den gowrak adam ýaralanypdyr. Ysraýyl resmileri Ysraýylda 10 adamyň, şol sanda bir çaganyň ölendigini we ýüzlerçe adamyň ýaralanandygyny aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG