Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Halkara çagyryşlara garamazdan, Ysraýyl bilen Hamasyň arasyndaky çaknyşyklar gowşamaýar


Bir hepdäniň dowamyndaky çaknyşyklarda 200-den aşa adam öldi.

Gaza sebitindäki soňky ýyllaryň dowamyndaky iň güýçli gazaplylygy togtatmak ugrundaky edilýän halkara diplomatiki tagallalara garamazdan, Ysraýyl bilen Hamasyň arasyndaky çaknyşyklar dowam edýär.

18-nji maýda Ysraýyl Gazadaky söweşijileriň nyşanalaryna garşy howa zarbalaryny urandygyny aýtdy. Munuň netijesinde, alty gatly bina weýran boldy. Söweşijiler Ysraýyla onlarça raketany atdylar. Öten agşamky zarbalaryň netijesinde ýüze çykan ýitgiler barada bada-bat maglumat elýeterli edilmedi.

18-nji maýda Ysraýyldaky, Ierusalimdäki we Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky palestinlylar umumy iş taşlaýyş geçirdiler. Muny Ysraýylyň içindäki ilatyň 20%-ni düzýän palestin jemgyýetiniň liderleri yglan etdiler.

18-nji maýda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi we Ýewropa Bileleşigi çaknyşyklary diplomatiki ýol bilen bes etmek boýunça edilýän tagallalaryň arasynda gyssagly maslahat geçirýärler.

Bir hepdäniň dowamyndaky çaknyşyklarda 200-den aşa adam öldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG