Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Köýnek tikmek, gap-gaçlara gül goýmak: Özbegistanyň öňki baş prokurorlarynyň hem Howpsuzlyk gullugynyň başlygynyň türme durmuşy


Özbegistanyň öňki baş prokurorlary (çepden saga) Raşidjon Kadyrow, Ihtiýor Abdullaýew hem Otabek Murodow.
Özbegistanyň öňki baş prokurorlary (çepden saga) Raşidjon Kadyrow, Ihtiýor Abdullaýew hem Otabek Murodow.

Golaýda Özbegistandaky "Ezgulik" hukuk goraýjy jemgyýetiniň başlygy Zangiatadaky türmä baryp, ýurduň öňki baş prokurory Raşidjon Kadyrow we Özbegistan Döwlet howpsuzlyk gullugynyň öňki başlygy Ihtiýor Abdullaýew bilen söhbetdeş boldy.

Raşidjon Kadyrow 2019-njy ýylyň iýun aýynda 10 ýyl türme tussaglygyny höküm edilipdi, Ihtiýor Abdullaýew bolsa 2020-nji ýylyň fewral aýynda 19 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

"Ezgulik" jemgyýetiniň başlygy Abdurahmon Taşanowyň aýtmagyna görä, konstitusion adam hukuklaryny we azatlyklaryny berjaý etmek boýunça komissiýanyň agzasy hökmünde, ol 22-nji koloniýadaky şertler bilen tanşypdyr.

Komissiýanyň agzalary ilkinji gezek 5-nji maýda öňki kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň jeza möhletini çekýän koloniýasyna baryp gördüler. Ol Komissiýa golaýda Ali Mejlisiniň karary bilen düzülipdi, oňa parlamentiň adam hukuklary boýunça wekili – Ombudsmen ýolbaşçylyk edýär.

Abdurahmon Taşanow Azatlyk Radiosynyň Özbek redaksiýasy bilen gürrüňdeş bolanda, Raşidjon Kadyrow hem Ihtiýor Abdullaýew bilen geçirilen söhbetdeşligiň jikme-jikliklerini aýtdy.

– Ilki başda tussaglaryň arasynda Raşidjon Kadyrowy tanamak maňa kyn boldy. Sebäbi her kimiň ýüzünde lukmançylyk maskasy bardy. Meniň özüm türme administrasiýasyndan, ol adam bilen duşurmagyny haýyş etdim. Görnüşi gowy. Ol: “Saglygym hem, keýpimem ýagşy. Bir aýdan soň koloniýa bölümine geçirilerin" diýdi. Öňki baş prokuror bilen 10 minut gürleşdim.

Özbegistanyň Baş prokuraturasyna 15 ýyllap ýolbaşçylyk eden Raşidjon Kadyrow 2018-nji ýylyň 22-nji fewralynda tussag edildi we 2019-njy ýylyň 26-njy iýunynda Daşkent şäher kazyýeti tarapyndan 10 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Kadyrow para almakda, parahorlukda araçylyk etmekde, galplykda, salgyt tölemekden boýun gaçyrmakda we galp puly ýuwmakda günäli tapyldy.

– Ihtiýor Abdullaýew maňa "derňew wagtynda gynamalara sezewar edilendigini" aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, koloniýanyň administrasiýasy barada hiç hili arza-şikaýatynyň ýokdugyny mälim etdi. “Men diňe öz işimiň gaýtadan gözden geçirilmegini isledim. Eger mümkin bolsa, bu haýyşymy prezidente ýetiriň" diýdi. Ihtiýor Abdullaýew bilen iş ýerinde, onuň gapdalynda oturyp gürleşdim. Ol farfor tabaklaryna gül goýýan eken – diýip, "Ezgulik" jemgyýetiniň başlygy Abdurahmon Taşanow Azatlyga gürrüň berdi.

Özbegistanyň Harby kazyýeti 2020-nji ýylyň 25-nji fewralynda, Özbegistanyň öňki baş prokurory we Döwlet howpsuzlyk gullugynyň öňki başlygy Ihtiýor Abdullaýewi 19 ýyl azatlykdan mahrum etdi.

Ihtiýor Abdullaýew jenaýatçy toparlanyşygy guramakda, köp mukdarda para almakda, Özbegistanyň bähbitlerine ters gelýän şertnamalary baglaşmakda, beýleki adamlaryň emlägini ogurlamakda, guramaçylykly bir toparyň bähbidine gümrük kanunlaryny bozmakda, öz ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanmak arkaly guramaçylykly jenaýatçy toparlary goldamakda we başga-da birnäçe jenaýat işinde günäli tapyldy.

Abdurahmon Taşanow Zangiatadaky 22-nji koloniýada başga-da bir “tanymal” tussag – Jawdat Şerifhojaýew bilen duşuşýar.

– Şerifhojaýew bilen bary-ýogy bir minut gürleşip bildim. Ol meniň sowallaryma jogap bermek islemedi. Onuň jogaplary gaty gysga boldy. Ol diňe "ýok" we "şertler gowy" diýip jogap bermek bilen çäklendi – diýip, Abdurahmon Taşanow Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Özbegistanyň Milli Howpsuzlyk Gullugynyň korrupsiýa we guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreş bölüminiň öňki başlygy, Milli howpsuzlyk gullugynyň öňki polkownigi Jawdat Şerifhojaýew 2016-njy ýylyň ýazynda gaýtadan sud edilip, onuň türme möhleti 16 ýyla çenli uzaldyldy. 2015-nji ýylda tussag edilen Şerifhojaýew ilki bilen dört ýyl azatlykdan mahrum edilipdi. Milli Howpsuzlyk Gullugynyň (häzir Döwlet Howpsuzlyk Gullugy – Red.) öňki polkownigi Jawdat Şerifhojaýew bikanun iş alyp barmakda, korrupsiýada, başgalary mejbur edip talamakda we köp mukdarda döwlet serişdelerini ogurlamakda günäli tapyldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG