Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe ABŞ-nyň Erdoganyň “antisemitik” bellikleri baradaky ýazgarmasyny ret etdi


ABŞ-nyň Döwlet departamenti
ABŞ-nyň Döwlet departamenti

Birleşen Ştatlar türk prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň Ýakyn Gündogardaky dartgynlylyklaryň ýitileşýän döwri ýewreý adamlara garşy eden “antisemitik” we “gabahat” belliklerini ýazgardy. Bu Ankarada gaharly reaksiýa döretdi.

Döwlet departamenti 18-nji maýda beýanat ýaýradyp, onda Birleşen Ştatlaryň “golaýda prezident Erdoganyň ýewreý adamlary babatynda eden antisemitik belliklerini berk ýazgarýar, şeýle-de olary gabahat, ýazgarylmaga mynasypdygyny hasaplaýar” diýip, belledi.

“Biz prezident Erdogany, şeýle-de beýleki türk liderlerini öjükdiriji belliklerden gaça durmaga çagyrýarys. Bu gazaplylygyň mundan beýläk hem tutaşmagyna getirip biler. Biz Türkiýäni konflikti bes etmek boýunça Birleşen Ştatlar bilen birlikde işleşmäge çagyrýarys” diýip, beýanatda bellenilýär.

Döwlet departamenti “antisemitik dile hiç bir ýerde-de orun ýokdugyny” hem nygtady.

“Birleşen Ştatlar antisemitizmiň ähli görnüşlerine garşy göreşmäge düýpli ygrarlydyr. Biz adatça antisemitizm bilen utgaşýan gazaplylygy we ony öjükdirýän howply ýalanlary çynlakaý kabul edýäris. Biz elmydama ýalanlara faktlar bilen garşy çykmaly, şeýle-de ýigrenç jenaýatlara adalat bilen jogap bermeli” diýip, beýanatda aýdylýar.

19-njy maýda Türkiýe ABŞ-nyň aýyplamalaryny ret etdi. Erdoganyň partiýasynyň metbugat wekili bulary "ýalan" atlandyrdy.

"Biziň prezidentimizi antisemitizimde aýyplamak akyla sygmajak we hakykata bap gelmeýän çemeleşişdir. Bu biziň prezidentimiz barada aýdylan ýalandyr" diýip, Omer Çelik Twitter hasabynda belledi.

Türkiýäniň yslamçy lideri uzak wagtdan bäri palestinlylara goldawyny bildirip gelýär. Şol bir wagtda, Türkiýe ilaty aglaba musulmanlardan ybarat ýurtlaryň arasyndan Ysraýyl bilen uzak möhletli ikitaraplaýyn gatnaşyklary bolan birnäçe döwletiň biridir.

Birleşen Ştatlaryň ýazgarmasy Erdoganyň Ysraýyly palestinlylara garşy “terrorizimde” aýyplamagyndan soň we “munuň olaryň zandyndadygyny” aýtmagyndan soň yglan edildi.

XS
SM
MD
LG