Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Çynlakaý aratapawutlara' garamazdan, ABŞ, Rus diplomatlary hyzmatdaşlyk çemeleşmesine basyş edýär


ABŞ resmisi žurnalistlere Blinken bilen Lawrowyň teklip edilýän sammitiň geçiriljek senesini yglan etmegi Kremle we Ak tama galdyrmak barada ylalaşandygyny aýtdy.
ABŞ resmisi žurnalistlere Blinken bilen Lawrowyň teklip edilýän sammitiň geçiriljek senesini yglan etmegi Kremle we Ak tama galdyrmak barada ylalaşandygyny aýtdy.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 19-njy maýda ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken bilen geçiren duşuşygynyň “konstruktiw”, ýagny gurujy bolandygyny aýtdy we şol bir wagta-da iki ýurduň dünýä düşünişinde “düýpli tapawudyň” bardygyny nygtady.

Lawrow Islandiýanyň Reýkýawik şäherindäki duşuşyk başlananda, hatda olaryň garaýyşlary “biziň ýagdaýa baha berşimize we halkara meselelerini nähili çözmelidigi babatdaky çemeleşmelerimize gezek gelende düýpli tapawutlanýan hem bolsa”, ABŞ-nyň we Russiýanyň ýolbaşçylarynyň Sowuk uruş döwrüniň garşydaşlarynyň arasyndaky gatnaşyklary gowulandyrmagyň ýollaryny kesgitlejegine umyt baglaýandygyny aýtdy.

ABŞ-ly bir resmi duşuşygy işewür we öndümli diýip häsiýetlendirdi, ýöne öňegidişlikleriň bolmandygyny we Moskwa bilen Waşingtonyň arasyndaky gatnaşyklar boýunça alnyp barylýan işleriň ýakyn hepdelerde we gelýän ýyllarda hem dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Lawrow bilen Blinkeniň arasyndaky gepleşikler birnäçe temany, şol sanda ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden bilen Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň arasynda teklip edilýän sammiti öz içine aldy. Interfaksyň habaryna görä, Lawrow Moskwanyň sammite razydygy ýa-da däldigi baradaky soraga jogap bermekden saklandy.

ABŞ resmisi žurnalistlere Blinken bilen Lawrowyň teklip edilýän sammitiň geçiriljek senesini yglan etmegi Kremle we Ak tama galdyrmak barada ylalaşandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG