Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türme gullugynyň başlygy Nawalnynyň açlykdan soň 'azda-kände ganymatlaşandygyny' aýdýar


Alekseý Nawalnynyň diwara çekilen suraty. Sankt.-Peterburg, 28-nji aprel, 2021.
Alekseý Nawalnynyň diwara çekilen suraty. Sankt.-Peterburg, 28-nji aprel, 2021.

Russiýanyň türme gullugynyň başlygy türmede oturan rus oppozisiýa syýasatçysy, geçen aý 24 günläp açlyk çeken Alekseý Nawalnynyň ýagdaýynyň "azda-kände gowulaşandygyny" aýtdy.

Prezident Wladimir Putiniň iň ýiti içerki tankytçysynyň tarapdarlary türme resmileriniň onuň saglygyny ýaramazlaşdyrmak üçin “ýörite kampaniýa” alyp barýandygyny aýtdylar we Nawalny öz lukmanlary tarapyndan gözden geçirilmegini talap edip, açlyk yglan etdi.

Nawalny geçen ýylky zäherlenmeden soň, Germaniýadan bejergi alyp gelende, heniz saglygy gaty gowulaşmanka tussag edildi. Ol yglan eden açlygyny 23-nji aprelde bes etdi.

TASS döwlet habar gullugy 20-nji maýda Russiýanyň Federal türme gullugynyň başlygy Aleksandr Kalaşnikowyň sözlerine salgylanyp, Nawalnynyň saglygynyň "azda-kände gowulaşandygyny" aýtdy.

Nawalny ogurlyk aýyplamasy esasynda türme jezasyny çekýär, emma ol bu aýyplamanyň syýasy sebäplidigini, özüne syýasy işjeňligi üçin galplaşdyrylan iş boýunça ýyl kesilendigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG