Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serdar Berdimuhamedow Sankt-Peterburgyň emeldarlary we telekeçileri bilen duşuşdy


Aşgabada gelen rus resmileri
Aşgabada gelen rus resmileri

23-nji maýda Aşgabatda Türkmenistanyň wise-premýeri Serdar Berdimuhamedow we daşary işler ministri Raşid Meredow Sankt-Peterburgyň Daşary aragatnaşyklar Komitetiniň başlygy Ýewgeniý Grigorýew we “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukato bilen duşuşyk geçirdiler. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi maglumat berýär.

Resmi benaýata görä, taraplar Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen özara hereketleriniň oňyn depginini belläp geçipdiler.

Maglumatda häzirki wagtda taraplaryň gurluşyk, ýol-ulag infrastrukturasy, gämigurluşygy, bilim, medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk edýändigi aýdylýar.

Mundan öň, 21-nji maýda geçirilen hökümet mejlisinde ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen 2021-2023-nji ýyllar üçin Hökümetara ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň taslamasy barada hasabat beripdi.

Soňky ýyllarda gaz söwdasyndaky baha, töleg dawalary üstünde iki uly müşderisini, Russiýany we Eýrany ýitiren Türkmenistanyň agyr ykdysady kynçylyklardan çykmak üçin günbatar sanksiýalarynyň astynda galan Russiýadan haraý gözleýändigi aýdylýar.

Galyberse-de, ýurduň içerki we daşarky syýasatynda barha köp rol oýnaýan Serdar Berdimuhamedow gysga wagtyň içinde prezident kakasy tarapyndan yzly-yzyna ýokary derejeli wezipelere bellenipdi.

XS
SM
MD
LG