Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusdan dolanan türkmen studentleri uçar biletini $1700-e satyn aldylar


Minskiň aeroporty. Illýustrasiýa suraty
Minskiň aeroporty. Illýustrasiýa suraty

21-nji maýda ýörite uçar gatnawy bilen Minskden Türkmenbaşa baran studentler uçar biledini 1700 amerika dollaryna satyn alypdyrlar. Emma hökümetiň tarapdary bolan neşir uçaryň hamana, “türkmen hökümetiniň tabşyrygy bilen gurnalandygyny” habar berip, studentleriň ene-atalarynyň öz çagalarynyň watana dolanyp barmagy üçin ummasyz pula bilet satyn alandyklary barada maglumat bermedi.

“Türkmenhowaýollaryna degişli uçaryň Minskden Türkmenbaşa çarter gatnawyny amala aşyryp, “türkmen raýatlaryny Belarusdan watana alyp barandygyny” hökümet tarapdary “Türkmenportal” neşiri ýazdy.

Neşir “T5784 ýörite uçar gatnawynyň türkmen hökümetiniň tabşyrygy bilen gurnalandygyny” tassyklady.

Ýöne neşir uçarda ÝOJ-nyň studentleriniň bardygyndan, “ýolagçylaryň hökmany karantinde bolmalydygyndan” başga jikme-jik maglumat bermedi.

Emma garaşsyz “Türkmen.News” neşiriniň ýaýradan maglumatlarynda 21-nji maýda Belarusda okaýan 200 çemesi türkmenistanly studentiň watana alynyp gidiljekdigi habar berlipdi.

Belarusda okaýan we adynyň tutulmagyny islemedik türkmen raýatynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, 21-nji maýda “Türkmenhowaýollarynyň" ýörite uçary bilen Minskden Tükmenbaşa baran ýolagçylaryň 80 göteriminiň studentler bolmagy ähtimal.

Olar Türkmenbaşydaky halkara howa menziline baran badyna, koronawirus testini tabşyrdylar. Ondan soňra olar üç hepdelik karantina salyndy. Emma, olara koronawirusa garşy sanjym edilip-edilmändigi belli däl diýip adynyň tutulmagyny islemedik student ýenede şeýle diýdi.

“Minskdäki ilçihanadan studentleriň eltelefonyna jaň edip, Türkmenistana gitmek isleýändiklerini soradylar. Eger olar gitmek isleseler, onda Türkmenistandaky ene-atasynyň “Türkmenhowaýollarynyň" ýerli edarasyna baryp, bilet satyn almalydygy aýdyldy. Emma biletiň bahasy örän gymmat. Diňe bir tarapa uçar bilediniň bahasy 5950 manat ýa-da döwlet bahadan 1700 dollara deň. Bu bahalar bilediň ýüzüne ýazylan. Men olary öz gözlerim bilen gördüm” diýip ol studentleriň öz ene-atasynyň owalam bergä batyp pul ýollandygyna gynanýandyklaryny sözüne goşdy.

“Biziň ene-atalarymyz owalam bergä batyp pul ýolladylar. Olar indi 1700 dollary tapmak üçin ýene-de karz gözlemeli bolarlar ýa-da gapysyndaky sygryny, goýun-geçilerini satmaly bolarlar. Gowusy, biz Türkmenistana gitmäli we ene-atamyzy has köp bergä batyrmaly” diýenler hem bar diýip, Belarusda okaýan student Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde belledi.

Eger studentiň sözlerinden çen tutulsa, onda “Türkmenportal” neşiriniň Minskiden Türkmenbaşa baran uçarda ÝOJ-ny tamamlanlaryň bardygy bilen ilteşikli maglumatlary känbir hakykata laýyk gelmeýär.

Çünki, olaryň arasynda okuwyny entek tamamlaman, dörän agyr ýagdaýlar sebäpli, wagtlaýyn arakesme alanlar hem bar.

Mundan başgada, olaryň käbirine Türkmenistanyň ilçihanasyndan basyşlar hem edilipdir.

“Hatda, käbir studentler ene-atasyny bergä batyrandygy üçin tomusky dynç alyşda Türkiýede garyndaşlarynyň, tanyş-bilişleriniň ýanynda işläp, ene-atasynyň bergilerini tölemäge kömek etmek üçin bilet hem satyn alypdylar. Emma, bu ýörite uçar baradaky habaryň duýdansyz bolandygy üçin olaryň käbiri bahasy 200-250 dollarlyk Türkiýä biletlerini yzyna tabşyryp, Türkmenistana dolandylar. Olara okaýan ýerinden ýa-da ilçihanadan basyş edilendigi barada tassyklanmadyk maglumatlar bar. Hatda, uçara münmek üçin registrasiýadan geçen we goşlaryny tabşyran bir student pikirini üýtgedip, Türkmenistana gitmändir. Bu barada olary ugratmaga gidenleriň biri aýtdy. Emma onuň näme sebäpden pikirini üýtgedendigi belli däl” diýip Belarusda okaýan we adynyň tutulmagyny islemedik Türkmenistanly student Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Ýöne bu maglumatlar bilen ilteşikli türkmen resmilerinden kommentariýa almak Azatlyk Radiosyna başartmady.

Daşary ýurt mediasynyň resmi sanlara salgylanyp ýazmagyna görä, Belarusda 10 müň çemesi türkmenistanly student okaýar.

Mundan öň Azatlyk Radiosynyň berenn habarlaryna görä, 14-nji maý gijesi 200 çemesi türkmen raýaty Dubaýdan Türkmenabada bardy.

Olar 21 günläp hökmany karantin zolagynda galarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG