Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tihanowskaýa uçar hadysasyndan soň, Lukaşenka garşy utgaşykly çäre görmäge çagyrdy


Belarusyň oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa
Belarusyň oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa

Belarusyň oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa halkara jemgyýetçiligine ýüzlenip, diýdimzor Aleksandr Lukaşenkanyň eden-etdiliklerini “jezasyz” dowam etdirmeginiň öňüni almak ugrunda utgaşykly tagalla etmäge çagyrdy. Bu çykyş belarus resmileriniň raýat uçaryny Minske gonduryp, onuň bortundaky oppozisiýa žurnalistini tussag etmeginiň yzýanyndan edildi.

23-nji maýda Belarus Ýewropa Bileleşiginiň agzalary Gresiýadan Litwa uçuşy amala aşyran “Ryanair” howagullugynyň uçaryny paýtagt Minskde gonmaga mejbur edipdi we onuň bortundaky belarus žurnalisti we oppozisiýa aktiwisti Raman Pratasewiçi, şeýle-de onuň hallaşýan gyzyny saklapdy.

Bu hadysa halkara jemgyýetçiligi tarapyndan gahar-gazap bilen garşylandy. Käbir döwletler muny “döwletiň garakçylygy” diýip atlandyrdylar.

Tihanowskaýa 25-nji maýda özüniň sosial ulgamlarynda bu hadysanyň “guramaçylaryny adalata çekmek ugrunda” bilelikdäki tagallalary maslahat etmegiň wagtynyň gelendigini aýtdy.

Lukaşenkanyň geçen ýylky galplaşdyrylandygy aýdylýan saýlawlarda ýeňiş gazandygyny öňe sürmegini dowam etdirmeginiň arasynda, ýurtda eýýäm ençeme aý bäri onuň garşydaşlary we garaşsyz žurnalistler berk basylyp ýatyrylýar.

“Bularyň ählisi režimiň jezasyz eden-etdilikleriniň we halkara jemgyýetiniň degişli jogap çäresini bermezliginiň netijesidir” diýip, Tihanowskaýa sözüne goşdy.

Tihanowskaýa saýlawlardan soň howpsuzlyk aladalary sebäpli Belarusy terk edip, Litwa aşmaly bolupdy.

Bu aralykda, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden uçar bilen bagly ýagdaýy “gözçykgynç hadysa” atlandyrdy we bu boýunça Minski ýazgardy. Şeýle-de, ol muňa ýewropaly ýaranlar bilen utgaşykly jogabyň beriljekdigini aýtdy.

24-nji maýda Ýewropa Bileleşiginiň liderleri Belarusa täze ykdysady sanksiýalary girizmek barada ylalaşdylar, şeýle-de Bileleşigiň howaýollaryny Belarusyň howa giňişliginden sowa geçmäge we belarusyň uçarlaryna Bileleşigiň asmanyny ulanmagyna gadagançylyk girizmäge çagyrdylar.

XS
SM
MD
LG