Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýdeniň derňew talabyndan soň, Hytaý wirusyň gelip çykyşynyň töweregindäki 'gykylygy' tankytlaýar


 ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden ABŞ-nyň aňtaw gullugyndan wirusyň gelip çykyşyny derňemek üçin edýän tagallalaryny “iki esse” artdyrmagy talap etdi.
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden ABŞ-nyň aňtaw gullugyndan wirusyň gelip çykyşyny derňemek üçin edýän tagallalaryny “iki esse” artdyrmagy talap etdi.

Hytaýyň ABŞ-daky ilçihanasy koronawirusyň gelip çykyşyny derňemegiň daşyndaky “syýasy ulaltmanyň” onuň nireden gelendigini we adamlara nädip ýokuşandygyny anyklamagy has-da kynlaşdyrjakdygyny aýdýar.

"Käbir adamlar soňky döwürde dünýäde COVID-19-yň gelip çykyşyny anyklamak babatyndaky syýasy ulaltmanyň köne pirimlerine baş goşdy” diýip, ilçihananyň web sahypasynda 27-nji maýda çap edilen beýanatda aýdylýar.

Ilçihananyň metbugat wekiliniň adyndan berlen beýanatda Hytaýyň "dünýäde tapylan irki COVID-19 hadysalarynyň ählisiniň giňişleýin öwrenilmegini we dünýädäki käbir gizlin bazalarda we biologiki barlaghanalarda düýpli derňew geçirilmegini" goldaýandygy aýdylýar.

Bu bellikler ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden ABŞ-nyň aňtaw gullugyndan wirusyň gelip çykyşyny derňemek üçin edýän tagallalaryny “iki esse” artdyrmagy talap edeninden soň edildi.

Bu talap aňtaw gullugynyň başlangyç hasabatyndan soň edildi. Sebäbi onda COVID-19-a sebäp bolýan wirusyň “kesel ýokuşan haýwan bilen adamyň arasyndaky gatnaşykdan ýa-da laboratoriýa hadysasyndan döräp-döremändigi” barada ýeterlik subutnama tapylmady.

Baýden aňtaw gullugyna Hytaý hökümetine berilmeli anyk soraglary taýýarlamagy tabşyrdy we Birleşen Ştatlaryň “doly, aç-açan, subutnama esasly halkara derňewine gatnaşmagy we degişli maglumatlaryň we subutnamalaryň ählisine elýeterliligi üpjün etmegi üçin Hytaýa basyş etjekdigini” aýtdy.

XS
SM
MD
LG