Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýaly diktator Assad sesleriň 95%-ni alyp, dördünji möhlete prezident boldy


 Başar al-Assad ses berýär, aýaly Asma onuň ýanynda dur.
Başar al-Assad ses berýär, aýaly Asma onuň ýanynda dur.

27-nji maýda cap edilen saýlaw netijelerine görä, Siriýanyň diktatory Başar al-Assad 95% ses alyp, uruşdan tozan ýurtdaky ýedi ýyllyk prezidentlik möhletine dördünji gezek eýe boldy.

Bu ýurduň 10 ýyl ozal başlan konflikt döwründe geçirilen ikinji prezident saýlawy bolup, oppozisiýa we günbatar ýurtlary tarapyndan galplaşdyrylan ses berişlik hökmünde ret edildi.

Assad Siriýada öz maşgalasy tarapyndan elli ýyl bäri elde saklanýan iň ýokary wezipesi üçin iki sany kän tanalmaýan şahsyýet bilen bäsleşdi. Hökümet 26-njy maýa bellenen saýlawlar üçin tutuş ýurt boýunça 12,000-den gowrak saýlaw merkeziniň döredilendigini aýtdy.

Siriýanyň demirgazyk-gündogarynda, ABŞ tarapyndan goldanýan kürtleriň ýolbaşçylygyndaky söweşijiler tarapyndan dolandyrylýan sebitde ýa-da ýurduň iň soňky we esasy gozgalaň merkezi bolan Idlib welaýatynda ses berişlik bolmady.

Daşary ýurtlarda ýaşaýan siriýalylaryň geçen hepde daşary ýurtlaryň onlarça ilçihanasynda ses berip biljekdigi aýdyldy, emma olardan ýurtdan çykyş möhüri bolan we möhleti gutarmadyk pasport görkezmek talap edildi.

Bu talap bosgun hökmünde ýurtdan gaçyp giden millionlarça siriýalynyň ses berip bilmejekdigini aňladýardy.

XS
SM
MD
LG