Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistanyň daşary işler ministri serhet dartgynlyklary arasynda wezipesinden çekildi


Ara Aýwazian
Ara Aýwazian

Ermenistanyň daşary işler ministri Ara Aýwazian 27-nji maýda, bary-ýogy alty aý işläninden soň, goňşy Azerbaýjan bilen aradaky serhet dartgynlyklarynyň ýokarlanýan wagtynda, sebäbini aýtman, wezipesinden çekildi.

Ermenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Anna Nagdalian onuň işden çekilendigini tassyklap, Azatlyk radiosynyň ermeni gullugyna häzirlikçe bu göçüm barada düşündiriş bermejekdigini aýtdy.

Aýwazian Ermenistanyň Howpsuzlyk geňeşiniň serhetdäki dartgynlygyň ýokarlanmagyny maslahatlaşmak üçin geçirilen adatdan daşary mejlisi başlan badyna arzasyny berene meňzeýär.

Iş başyndaky premier-ministr Nikol Paşinian mejlisde soňky hepdelerde ermeni we azerbaýjan goşunlarynyň ýüzbe-ýüz bolýan jedelli serhet böleklerine halkara synçylaryny ýerleşdirmäge çagyrdy.

Aýwazianyň Paşinanyň teklibi bilen razylaşandygy ýa-da däldigi entek belli däl.

Onuň işinden çekilmegi alty ermeni harbysynyň Azerbaýjan tarapyndan ele salynmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi 27-nji maýda Azerbaýjanyň Kalbajar etrabynda ermeni esgerleriniň serhetden geçip, Azerbaýjan goşunynyň ýerleşýän ýerlerine barýan ýolda mina goýýan wagtynda ele salnandygyny aýtdy.

Paşinan ministrler kabinetiniň ýygnagynda "alnyp gaçylan" alty harby gullukçynyň Ermenistanyň çägindäki serhedi berkitmek üçin mina goýandygyny we duýduryş belliklerini oturdandygyny aýtdy.

Ol Azerbaýjanyň ermeni goşunlarynyň hereketleriniň prowokasiýa bolandygy barada aýdanlaryny ret etdi.

XS
SM
MD
LG