Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Lukaşenkanyň hökümetine 500 million dollar karz berer


Aleksandr Lukaşenka Soçi şäherinde rus kärdeşi Wladimir Putin bilen duşuşýar.
Aleksandr Lukaşenka Soçi şäherinde rus kärdeşi Wladimir Putin bilen duşuşýar.

Belarus hökümdary Aleksandr Lukaşenka Soçi şäherinde, Russiýanyň Gara deňiz şypahanasynda rus prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşygynyň ikinji gününi geçirdi.

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow 29-njy maýda geçirilen gepleşikleri resmi däl diýip häsiýetlendirdi. Mundan öň ol sammitiň diňe bir gün dowam etjekdigini aýdypdy.

Şeýle-de Peskow žurnalistlere Russiýanyň Belarusa berilýän 1.5 milliard dollarlyk karzyň ikinji 500 million dollaryny “ýakyn wagtda” ibermäge taýýardygyny aýtdy.

Lukaşenka geçen awgustda geçirilen we galplaşdyrylan diýlip yglan edilen jedelli prezident saýlawyndan bäri hem içerki, hem daşarky basyşlara, halkara ýazgarmalaryna sezewar boldy.

Lukaşenka hökümeti saýlaw netijeleri yglan edileninden soň dörän köpçülikleýin demonstrasiýalary gazaply basyp ýatyrdy.

Emma muňa garamazdan, Lukaşenkanyň esasy ýarany bolan Orsýet belarus hökümetine syýasy, tehniki we maliýe goldawyny bermegini dowam etidrýär.

Belarus golaýda “Ryanair” uçaryny bomba bahasy bilen ýolundan sowdy we onuň bortundaky dissident žurnalisti tussag etdi.

28-nji maýda, Soçide geçirilýän duşuşygyň birinji gününde Putin ýolagçy uçarynyň ýolundan sowulmagyna bildirilýän günbatar reaksiýasyny “duýguçyllyk” hökmünde häsiýetlendirdi.

XS
SM
MD
LG