Eýranyň Deňiz flotunyň iň uly gämisi 2-nji iýunda irden näbelli şertlerde dörän ýangyndan soň Oman aýlagynda gark boldy, ýöne ekipažyň ähli agzalary halas edildi.
“Harg” goldaw gämisiniň motor otagynda ýangyn döredi, diýip Deňiz floty 2-nji iýunda aýdyňlaşdyrmazdan beren beýanatynda aýtdy.
Gämi gark bolmanka ýangyn söndürijiler “20 sagatlap” ýangyny söndürmek üçin göreşdiler, diýip beýanat aýtdy.
Gämi Tähranyň 1,270 kilometr töweregi günorta-gündogarynda, Oman aýlagyndaky Jask eýran portunyň golaýynda ýerleşýärdi.
Bu ýer Pars aýlagyndaky strategik Hormuz bogazynyň golaýynda ýerleşýär. Bogazyň üstünden dünýäde öndürilýän nebitiň bäşden bir bölegi geçýär.
“Ýangynyň ýaýramagy sebäpli, “Hargy” halas etmek missiýasy şowsuz boldy we gämi Jaskyň suwlarynda gark boldy” diýip, beýanat aýtdy. Gämi birnäçe gün mundan ozal halkara suwlara “tälim-türgenleşik” missiýasy üçin eltilipdir.
Deňiz floty 400 adamlyk ekipaždan 20 deňizçiniň ýeňil ýaralanandygyny we ähli ekipaž agzalarynyň halas edilendigini aýtdy.
Ýangynyň sebäpleri aýdylmaýar.
“Harg” Britaniýada ýasaldy we 1977-nji ýylda işe girizildi. Bu gämi Eýranyň Deňiz flotunyň düzümine 1984-nji ýylda girizildi.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.