Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pratasewiçiň görnetin zorluk astynda etdirilen 'tobasy' gahar-gazap döredýär


Bir ýarym sagat dowam eden söhbetdeşligiň ahyrynda Pratasewiç aglamaga başlaýar we ýüzüni eli bilen ýapýar.
Bir ýarym sagat dowam eden söhbetdeşligiň ahyrynda Pratasewiç aglamaga başlaýar we ýüzüni eli bilen ýapýar.

Ene-atasynyň sözlerine görä, başda görkezilen wideolarda onuň ýüzünde görünýän tegmiller we boýnundaky bogulma yzlary tussag edilen žurnalistiň "boýun alyşlarynyň" zorluk, basyş astynda alnandygynyň alamatlary bolup durýar.

Belarusyň döwlet teleýaýlymy 23-nji maýda “Ryanair” täjirçilik uçary Minskde gondurylandan soň tussag edilen belarus žurnalisti Raman Pratasewiçiň ýene bir wideo “tobasyny” görkezdi, oppozisiýa we ene-atasy bu "boýun alyşlaryň" zorluk, basyş arkaly "gazanylandygyny" aýdýarlar.

3-nji iýunda giçlik, ONT teleýaýlymynda "Hiç bir zat şahsy däl" programmasynda görkezilen Pratasewiç aglamjyrap, belarus hökümdary Aleksandr Lukaşenkany öwdi we tussag edilenden soň “derhal köpçülikleýin bidüzgünçiligi gurandygyny boýun alandygyny” aýtdy.

Pratasewiç 1994-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda oturan Lukaşenka altynjy prezidentlik möhletini beren prezident saýlawynyň resmi netijelerini ýazgarýan köpçülikleýin protestler barada habar beren “Nexta-Live” Telegram kanalynyň öňki esasy dolandyryjysydy.

Söhbetdeşligiň nirede we haçan geçirilendigi belli däl, sowet döwrüniň propaganda gepleşiklerine meňzeýän "söhbetdeşlik" garaňky otagda ýazgy edilipdir.

Bir ýarym sagat dowam eden söhbetdeşligiň ahyrynda Pratasewiç aglamaga başlaýar we ýüzüni eli bilen ýapýar.

"Bu wideo "eden-etdiligiň, gynamalaryň we haýbatlaryň" netijesi" diýip, Pratasewiçiň kakasy Dzmitri aýtdy.

"Raman Pratasewiçiň “tobalaryny” görmek gaty yzaly. Ene-atasy onuň gynalandygyna ynanýar. Bu meniň tanaýan Ramanym däl” diýip, bosgunlykdaky oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýanyň uly geňeşçisi Franak Wýaçorka twitterde ýazdy.

Gürrüňi edilýän “toba gepleşigi” Pratasewiçiň ene-atasy Dzmitri we Natallya Pratasewiç "Häzirki zaman" telekanaly bilen söhbetdeş bolanlaryndan birnäçe sagat soň efire çykdy.

Žurnalistiň ene-atasy ogullarynyň soňky günlerde döwlet teleýaýlymlarynda “günäsini boýun alyp, toba edýän” görnüşde görkezilmegini “häkimiýetleriň ony we halaşýan gyzy, rus raýaty Sofia Sapegany zamun almagyny tasa getirmek synanyşygy” hökmünde häsiýetlendirdi.

Ene-atasynyň sözlerine görä, başda görkezilen wideolarda onuň ýüzünde görünýän tegmiller we boýnundaky bogulma yzlary tussag edilen žurnalistiň "boýun alyşlarynyň" zorluk, basyş astynda alnandygynyň alamatlary bolup durýar.

“Men özümiň köpçülige ýüzlenip eden çagyryşlarymyň hakykatda ýagdaýy çylşyrymlaşdyryp, köçelerdäki gözegçiliksiz bidüzgünçilkileriň üstüne urna bolandygyna düşündim. Aslynda şol wagt Minsk eýýäm üç gün bäri bulam-bujarlyga gaplanypdy” diýip, Pratasewiç aýtdy we “Men Lukaşenkany sylaýaryn” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Öňki sowet respublikasyndaky oppozisiýa aktiwistleriniň we hukuk goraýjylaryň köpüsiniň ynanjyna görä, goşmaça basyş görkezmek üçin halaşýan gyzy bilen bilelikde tussag edilmegi netijesinde, Pratasewiç bir däl, birnäçe gezek “toba etmäge” mejbur edildi.

26 ýaşly Pratasewiç awgust aýynda geçirilen çekeleşikli prezident saýlawyndan soň dörän raýat bidüzgünçiliginiň arkasynda durmakda aýyplanýar we bu aýyplama esasynda oňa, eger-de günäli tapylsa, 15 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilmek howpy abanýar.

Belarusyň howpsuzlyk güýçleri Lukaşenka ýeňiji diýlip yglan edilenden soň dörän köpçülikleýin protestleri dagatmak, nägileligi basyp ýatyrmak üçin 30 müňden gowrak adamy, şol sanda bu wakalary beýan edýän onlarça žurnalisti tussag etdi.

Pratasewiçi we onuň halaşýan gyzyny tussag etmek üçin 23-nji maýda Belarusyň üstünden geçip barýarka ýolundan sowlan we belarus häkimiýetleri tarapyndan Minskde gonmaga mejbur edilen uçar Gresiýadan Litwanyň paýtagty Wilniýusa gelýärdi.

Bu çäre halkara gahar-gazabyna we Pratasewiçiň derhal boşadylmagynyň talap edilmegine sebäp boldy. Ýewropa Bileleşigi bu wakadan soň Belarus bilen aradaky uçar gatnawlaryny gadagan etdi.

XS
SM
MD
LG