Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabuldaky partlamada zenan žurnalist we onuň ejesi, jemi 6 adam öldürildi


“Ariana Newsiň” alyp baryjysy Mina Khairi
“Ariana Newsiň” alyp baryjysy Mina Khairi

Owganystanda žurnalistlere edilen soňky hüjümde, Kabulyň günbatarynda bolan partlamada owgan teleýaýlymynyň alyp baryjysy öldürildi.

“Ariana Newsiň” alyp baryjysy Mina Khairi 3-nji iýun agşamy mikroawtobusy iki bölen partlama netijesinde, ejesi we ýene dört adam bilen bilelikde wepat boldy.

Partlamada žurnalistiň aýal dogany we ýene alty adam agyr ýaralandy.

23 ýaşyndaky žurnalist 2017-nji ýyldan bäri Ariana radio we telewideniýe gepleşikleriniň alyp baryjysy bolup işleýärdi.

Owganystandaky žurnalistleri goramak komitetiniň başlygy Abdul Mued Haşimi Azatlyk radiosynyň Owgan gullugyna, başlangyç maglumatlara görä, bu hüjümiň Khairini nyşana alandygyny aýtdy.

Serhetsiz habarçylar guramasynyň şu hepde beren maglumatyna görä, Owganystanda 2020-nji ýylyň mart aýyndan bäri 11 žurnalist we metbugat işgäri öldürildi.

XS
SM
MD
LG