“Talybanyň” demirgazykdaky Farýap welaýatynyň Kaýsar etrabyna eden hüjüminde owgan howpsuzlyk güýçleriniň azyndan 14 agzasy öldi, 18 agzasy bolsa ýaralandy diýip, resmiler 6-njy iýunda aýtdy.
Şeýle-de, söweşijiler “howpsuzlyk güýçleriniň 37 agzasyny ýesir aldy” diýip, welaýat geňeşiniň agzasy Nader Saedi aýtdy.
Resmileriň käbiri ölenleriň arasynda etrap polisiýa komandiriniň hem bardygyny aýdyp, wepat bolanlaryň sanyny takmynan 30-a ýetirdi.
Birnäçe resminiň tassyklamagyna görä, söweşijiler öten agşam Kaýsar polisiýa merkezine hüjüm edip, binanyň derwezesinde awtoulag bombasyny ýarypdyrlar.
Howpsuzlyk güýçleriniň 30-dan gowrak agzasy henizem "Talybanyň" gabawy astynda galýar diýip, Saedi “Tolo” habar gullugyna aýtdy.
"Bu sebite goşmaça güýç iberilmese, “Talyban” olary hem ýesir alar" diýip, ol duýdurdy.
4-nji iýunda "Talyban" Zabul we Uruzgan welaýatlarynyň iki etrabyny basyp aldy.