Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Bütin dünýäde websaýtlaryň işine zeper ýetdi


Illýustrasiýa suraty

Tutuş dünýäde websaýtlara zeper ýetiren näsazlyklar sosial ulgam platformalaryna, habar çeşmelerine we hökümet web sahypalaryna, ABŞ-da ýerleşýän maglumat toplaýjy resurslaryň işine täsir etdi.

BBC, "Finansal Taýms", "The Guardian", "Nýu-York Taýms", "Bloomberg", CNN we "Le Monde" ýaly habar beriş serişdeleri tarapyndan dolandyrylýan meşhur web sahypalarynyň 8-nji iýunda irden işiniň bökdändigi habar berildi.

"Ýalňyşlyk 503. Hyzmat elýeterli däl" we "birikme näsazlygy" ýaly habarlar Amazon.com söwda web sahypasynda we Britaniýanyň gov.uk. hökümet web sahypasynda ýüze çykdy.

Käbir websaýtlar söňrak elýeterli boldy.

Düýbi San-Fransiskoda ýerleşýän bulut hyzmat kompaniýasy problemanyň bardygyny grinwiç boýunça ir sagat 10:00 töwereginde boýun aldy we "bu meseläni derňemegi dowam etdirýändigini" aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG