BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Antonio Guterrişi dünýä bileleşiginiň baş sekretary hökmünde ikinji möhlete goldaýar we 193 agzaly Baş Assambleýa onuň wezipe möhletini 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan ýene bäş ýyl uzaltmagy maslahat berýär.
Estoniýanyň BMG-däki ilçisi, Geňeşe şu aý prezidentlik edýän Swen Jurgensen Guterrişi wezipä bellemek üçin Baş Assambleýanyň 18-nji iýunda duşuşmagynyň mümkindigini aýtdy.
Portugaliýanyň öňki premýer-ministri Guterriş 2017-nji ýylyň ýanwarynda, ABŞ prezidenti Donald Trampyň wezipä girişmeginiň öň ýany Günorta Koreýaly Ban Ki Munyň ornuna geçdi.
Guterrişiň birinji möhleti esasan BMG-niň peýdasyny sorag astyna alan Trampy köşeşdirmäge gönükdirildi.
Waşington BMG-niň esasy maliýeleşdirjisidir. Guramanyň adaty býujetiniň 22 göterimini we parahatçylygy goramak býujetiniň dörtden bir bölegini Waşington maliýeleşdirýär.
ABŞ-nyň täze prezidenti Jo Baýden Trampyň käbir BMG agentlikleri üçin ýatyran maliýe ýardamlaryny täzeden dikeldip başlady we milletler bileleşigi bilen gatnaşyklary gaýtadan ýola goýdy.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.