Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze maglumatlar COVID-19 sanjymlarynyň täsirliligini görkezýär


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Günorta Amerikada Uruguaý COVID-19 waksinalarynyň täsirililigini görkezýän täze maglumatlary çap etdi.

Hökümetiň 8-nji iýunda çap eden hasabaty Hytaýyň “Sinowak” sanjymynyň ölümleri 95 göterim azaldandygyny we reanimasiýa ýerleşdirilýän adamlaryň sanynyň 92 göterim azalandygyny mälim etdi.

Hasabat sanjymyň COVID-19-yň öňüni almakda 62 göterim täsirlidigini aýtdy.

Waksinalaryň täsirliligini anyklamak üçin geçirilen barlaglarda “Sinowak” sanjymynyň ikinji dozasyny kabul eden 800 müň adam waksina kabul etmedik adamlar bilen deňeşdirildi diýip, hökümet aýtdy.

Şeýle-de, hökümet reanimasiýalaryň we ölümleriň öňüni almakda Pfizer/BioNTech sanjymynyň 94 göterim täsirlidigini anyklady. Sanjym ýokançlyklary 78 göterim azaltdy.

Şu wagta çenli Uruguaý öz ilatynyň 52 göterimine “Sinowak”, Pfizer/BioNTech ýa-da AstraZeneca sanjymlarynyň azyndan bir dozasyny urdy. 29 göterim töweregi ilat doly waksina kabul etdi.

Ilat arasynda sanjym işlerini geçirmekde öňde barýan Ysraýyl, has ozal, ýokançlyklaryň, ölümleriň we hassahana ýerleşdirilýän adamlaryň sanynyň azaldylmagynda Pfizer/BioNTech sanjymynyň örän täsirlidigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG