Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

G7 dünýä ýurtlaryna 1 milliard doza COVID-19 waksinasyny wada berer – habarlar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Ýedilik toparynyň (G7) liderleri pandemiýadan çykmagyň ýoluny maslahat etmek üçin şu hepde duşuşýan mahaly, Birleşen Ştatlary öňümizdäki iki ýylyň dowamynda 100-den gowrak ýurda 500 million doza Pfizer COVID-19 sanjymyny bermegi planlaşdyrýar.

Şu hepde Angliýada geçiriljek üç günlük G7 sammitiniň öň ýany, Baýden 10-njy iýunda bu meýilnamany mälim eder diýip, birnäçe ABŞ media guramalary habar berdi.

Bu bildiriş dünýäniň ösen ýurtlary baý we garyp ýurtlaryň arasynda waksina elýeterliligi bilen bagly bar bolan deňsizligiň hötdesinden gelmek üçin basyş astynda galýan wagty berildi.

“Bloomberg News” neşirine mälim bolan maglumatyň nusgasyna görä, G7 liderleri hem öňümizdäki bir ýylyň dowamynda ösüp barýan ýurtlara goşmaça 1 milliard doza waksina ibermegi wada berer.

Birleşen Ştatlary we Ýewropanyň agramly bölegi özleriniň alyp barýan waksina kampaniýalarynda çalt öňegidişlik gazanýar, ýöne köp ýurt epidemiýanyň öňüni almakda we waksinalaryň çäkli üpjünçiligine eýe bolmakda kösenýär.

Haýyr-sahawatlar pes we orta girdejili ýurtlara COVID-19 sanjymlaryny paýlaýan halkara COVAX sanjym maksatnamasy arkaly iberiler.

Global waksina strategiýasyny ara alyp maslahatlaşmak bilen bir hatarda G7 liderleriniň syýahat çäklendirmelerini aradan aýyrmagyň hem-de dünýä ykdysadyýetini täzeden dikeltmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG