Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hoňkoňly aktiwist Çow protestiň ýyl dönüminde türmeden çykýar


Agnes Çow
Agnes Çow

Hoňkoňyň meşhur demokratiýa aktiwisti Agnes Çow 12-nji iýunda, demokratiýa üçin geçirilen köpçülikleýin ýygnanyşyklaryň ikinji ýyl dönüminde türmeden çykdy, Hytaýyň ýokary derejeli wekili Pekini bu sebitiň aýratyn statusyny goraýjy hökmünde häsiýetlendirdi.

Žurnalistler öňünden çykanda 24 ýaşly Çowyň egninde "Sen ajaýyp iş edýärsiň” diýen ýazgyly köýnegi bardy, ýöne ol žurnalistler bilen gürleşmekden boýun gaçyrdy.

Çow 2019-njy ýylda, Pekin howpsuzlyk kanunçylygyny we öňki iňlis koloniýasynyň aýry-aýry dolandyryş we ykdysady ulgamyna gözegçilik barlagyny girizýän mahaly, polisiýa merkeziniň alkymynda geçirilen demonstrasiýa gatnaşandygy üçin alty aýdan gowrak türmede oturdy.

Ol bu ýygnanyşygyň ýaş guramaçylary Joşua Wong we Iwan Lam bilen bilelikde türme tussaglygyna höküm edildi. Emma olar we beýleki köp tussag bendilikden goýberilmedi.

Müňlerçe polisiýa ofiseri dissidentleriň 2019-njy ýylda geçirilen we gazaply basylyp ýatyrylan demokratiýa ýörişlerini hatyralamak üçin edýän tagallalarynyň öňüni almak üçin taýýar edildi.

Günbatar hökümetleriniň köpüsi demonstrantlaryň talaplaryny goldady we Pekiniň "bir ýurt, iki ulgam" syýasatyny ýöretmek baradaky wadalaryna salgylanyp, käbir sanksiýalary girizdi.

Hytaý hökümetiniň Hoňkoňdaky esasy wekili Luo Huining Çow türmeden çykanda, tankyt edýän hökümetleri bu şäheri "geosyýasy pyýada" öwürmek synanyşygynda aýyplady. Luo Hytaýyň dolandyryjy Kommunistik partiýasy "bir ýurdy, iki ulgamy dörediji, bir ýurt, iki ulgamy durmuşa geçiriji we goraýjy" diýdi.

XS
SM
MD
LG