Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow ýurt raýatlarynyň bähbitleriniň ileri tutulýandygyny aýdýar


G.Berdimuhamedow täze taslamalar bilen tanyşýar. Arhiw suraty
G.Berdimuhamedow täze taslamalar bilen tanyşýar. Arhiw suraty

Türkmenistanyň prezidenti Milli geňeşiň mejlisiniň başlygy G.Mämmedowanyň we Milli geňeşiň Halk maslahatynyň başlygynyň orunbasary K.Babaýewiň hasabatlaryny diňläp, hakyky demokratik däpleri pugtalandyrmak boýunça geçirilýän işleriň örän möhümdigini nygtady.

TDH Gurbanguly Berdimuhamedowyň 11-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçiren mejlisinde aýdan sözlerine salgylanyp, Türkmenistanyň "jemgyýetiň iň uly gymmatlygy hökmünde öz raýatlarynyň bähbitlerini, hukuklaryny we azatlyklaryny goramagy öz ösüşiniň ileri tutulýan ugry hökmünde yglan edendigini” belleýär.

Halkara hukuk toparlarynyň hasabatlarynda ynsan azatlyklary we hukuklary, şol sanda söz, metbugat, din azatlygy boýunça iň yzdaky ýurtlaryň biri hökmünde tankytlanýan Türkmenistan soňky döwürde öz raýat aktiwistleri tarapyndan hem berk tankyt edilýär.

Işsizlik zerarly daşary ýurtlara giden we ýollaryň ýapylmagy, pasport möhletleriniň dolmagy zerarly kyn ýagdaýda galan onlarça müň türkmen migranty, aktiwistleriň aýtmaklaryna görä, Aşgabat hökümetiniň öz kanunlaryny sylap, maşgalalary pandemiýa döwründe has kyn güne salan aýralygy emeli päsgelçilikler bilen has-da uzaltmazlygyny isleýärler.

Şeýle-de, türkmen hökümetiniň tankytçylary ýurduň sebitlerindäki ýollaryň we köprüleriň tas otuz ýyl bäri bejerilmeýändigini, suw desgalarynyň idegsiz galandygyny, oba adamlarynyň ýyl-ýyldan garyp düşýändigini, emma hökümetiň manysyz gurluşyklara milliardlarça dollar harçlap, adalatsyzlygy dowam etdirýändigini öňe sürýärler.

XS
SM
MD
LG