Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda gimnaziýalar tölegli edildi


Türkmenistanyň orta mekdebi (illýustrasiýa suraty)
Türkmenistanyň orta mekdebi (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda ýörite mekdepler we gimnaziýalar tölegli edildi. Bu barada garaşsyz “Turkmen.news” neşiri 9-njy iýunda çap edilen bilim baradaky täze kanuna salgylanyp ýazýar.

Täze kanunyň 39-njy maddasynda okuw jaýlarynyň maliýe çeşmeleri döwlet býujetiniň serişdeleri we okuw üçin töleg diýlip bölüýär.

Köne kanunda bilim edaralaryny maliýeleşdirmek 30-njy madda esasynda kadalaşdyryldy, ýöne döwlet bilim edaralaryny maliýeleşdirmegiň çeşmeleri gönüden-göni agzalmady. Bilim edaralaryna tölegli hyzmatlary bermek we meýletin maddy goşant serişdeleri goşmaça toplamak rugsat berildi.

Şeýle hem täze kanunda, Türkmenistanyň raýatynyň diňe döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän uniwersitetlerde mugt ýokary bilim alyp biljekdigini aýdýar. Şol bir wagtyň özünde, garaşsyz neşiriň belleýşi ýaly, uniwersitetler indi öz-özüni maliýeleşdirmek tertibine geçýärler.

2020-nji ýylyň ýazynda Türkmenistanyň uniwersitetlerini halkara derejesindäki ýokary okuw jaýlarynyň sanawyna girizmek meýilnamasynda hususan-da, "ýokary okuw jaýlarynyň okuw tölegleri bilen özbaşdak maliýeleşdirilmegine tapgyrlaýyn geçirilmegi" göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, talyplara bilim almak üçin karz almaga rugsat berilýär. Mundan öň kanunda okuw töleginiň bu görnüşi görkezilmändi.

XS
SM
MD
LG