Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanyň Milli howpszulyk gullugynyň öňki binasyny DIM başlygynyň ogly satyn aldy


Özbegistanda bir köçe.
Özbegistanda bir köçe.

“Metropol Group”kompaniýasy Daşkentdäki Döwlet howpsuzlyk gullugynyň (DHG) öňki binasyny 210 milliard soma (19,5 million dollardan gowrak) satyn aldy diýip, özbek metbugaty habar berdi.

Bu kompaniýany esaslandyryjy Özbegistanyň daşary işler ministriniň ogly Daniýar Kamilow diýip görkezilen.

Özbegistanyň Döwlet howpsuzlyk gullugynyň Daşkendiň Saýilgoh köçesinde ýerleşýän öňki merkezi binasy, ozal habar berlişi ýaly, bir som başlangyç bahasy bilen köpçülikleýin auksiona çykaryldy.

Döwlet emläk dolandyryş gullugynyň habaryna görä, “Metropol Group” kompaniýasy tenderiň, ýagny bäsleşikli söwdanyň ýeňijisi diýlip yglan edildi.

“Davletov.uz” telegram kanaly Metropol toparyny esaslandyryjynyň Daniýar Abdulazizowiç Kamilowdygyny habar berdi. Aýdylmagyna görä, ol ol bu kompaniýadaky paýyň 100 göterimine eýeçilik edýär.

Daniýar Kamilow Özbegistanyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowyň ogly diýip, Azatlyk radiosynyň Özbek gullugy habar berýär.

Yslam Kerimowyň döwründe jeza beriji organa öwrülen diýip bilinýän Milli howpsuzlyk gullugynyň ady 2018-nji ýylda Döwlet howpsuzlyk gullugy diýlip üýtgedildi.

Ýerli metbugat bu gullugyň baş edara jaýynyň Daşkendiň etegine göçürilendigini we Saýilgoh köçesindäki öňki merkezi binanyň satuwa çykarylandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG