Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermeniler Azerbaýjan bilen söweş sebäpli ýüze çykan dartgynly saýlawda ses berýärler


Premýer-ministr Nikol Paşinýany[ tarapdarlary 17-nji iýunda, Ýerewanyň merkezinde ýygnanyşyk geçirdi.
Premýer-ministr Nikol Paşinýany[ tarapdarlary 17-nji iýunda, Ýerewanyň merkezinde ýygnanyşyk geçirdi.

Ermenistanlylar geçen güýzde bölüniji sebit bolan Dagly-Garabag üstünde bolan alty hepdelik uruşdaky eňlişden soň dörän bir aýlyk syýasy kriziz netijesinde ýitileşen dartgynlyklar arasynda irki saýlawlarda ses berdiler.

Premýer-ministr Nikol Paşinýan noýabrda Moskwanyň töwellaçylygynda tamamlanan uruşdaky kararlylygyna garşy gurnalan dowamly oppozisiýa protestlerine we döwletiň içinde dörän nägilelige jogap edip, irki saýlawlaryň geçirilmegine çagyrdy.

Saýlawlara 21 partiýa we dört bileleşik gatnaşýar. Ýöne pikir soralyşyklar Paşinýanyň Raýat şertnamasy partiýasy bilen öňki prezident Robert Koçarianyň täze döredilen Ermenistan bileleşiginiň arasyndaky bäsleşigiň deňeçerdighini, olaryň hersiniň takmynan 24 göterim goldaw alýandygyny görkezýär.

Saýlaw kampaniýasy döwründe eşidilen gaharly haýbatlar we kemsitmeler saýlawdan soň, hususan-da netijeleriň galplaşdyrylmagy baradaky aýyplamalar we beýleki garşylyklar ýüze çykan halatynda, syýasy zorluk aladalaryny döretdi.

Saýlawlaryň başlangyç netijeleriniň 20-nji iýunda yglan edilmegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG