Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Döwlet TW-si saýlaw ýeňijisini yglan etdi, Hameneýi tankytlanýan ses berişligi öwdi


Saýlawda ýeňiji diýlip yglan edilen Ebrahim Reýsi
Saýlawda ýeňiji diýlip yglan edilen Ebrahim Reýsi

Eýranyň saýlaw resmileri 19-njy iýunda Ebrahim Reýsiniň esasan konserwatiw dalaşgärlerden ybarat bolan bäsleşikde 62% ses alyp, Eýranyň prezident saýlawynda ýeňendigini habar berdiler.

Ýöne bu ses berişlige gatnaşygyň taryhy derejede pes bolandygy bellendi we bu ýagdaý ýurduň ruhanylar tarapyndan dolandyrylýan ýolbaşçylygyny we berk goralýan häkimiýet koridorlaryny tankytlaýanlar üçin ok-däri boldy.

Berk barlagdan geçen we bary-ýogy dört dalaşgär bolup galan toparyň, şeýle-de saýlawyň boýkot edilmegi baradaky çagyryşlaryň otuz ýyl öň ölüm jezalarynyň berilmegine gatnaşan, adamzada garşy jenaýat etmekde aýyplanýan 60 ýaşly ruhanynyň, kazyýet başlygy Reýsiniň peýdasyna boljakdygy çaklandy.

Resmi maglumata görä, saýlawda ses bermäge hukukly raýatlaryň bary-ýogy 48,8 göterimi ses berdi, bu 1979-njy ýyldaky Yslam rewolýusiýasyndan bäri geçirilen prezident saýlawlarynyň arasynda saýlawlara gatnaşygyň iň pes derejesi bolýar. Emma Eýranyň syýasy we dini meselelerinde iň esasy adam bolan aýatolla Ali Hameneýi bu ses berişligi “duşman propagandasynyň ýeňilmegi” hökmünde häsiýetlendirdi.

Gözegçilik edaralary dalaşgär boljak ýüzlerçe kandidatyň ýedisinden başgasynyň bäsleşik hukugyny keseninden soň, ses berişligiň netijesi öňünden çak edilişi ýaly boldy. Seçilip alnan ýedi dalaşgäriň üçüsi soňky gün bäsleşikden çykdy.

Birleşen Ştatlar eýranlylaryň "erkin we adalatly saýlaw prosesinde öz liderlerini saýlamak hukugyndan mahrum edilendigini" aýtdy.

Döwlet departamentiniň metbugat sekretary ABŞ-nyň ýaranlar we hyzmatdaşlar bilen bilelikde 2015-nji ýyldaky Eýran ýadro şertnamasyny dikeltmek boýunça gepleşikleri dowam etdirjekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG