Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Braziliýada COVID-19-dan ölenleriň sany 500 müňden geçdi, Russiýada näsaglaýan köpelýär


Orsýetiň saglyk resmileri 19-njy iýunda 17,906 sany täze näsagyň hasaba alnandygyny aýtdylar.
Orsýetiň saglyk resmileri 19-njy iýunda 17,906 sany täze näsagyň hasaba alnandygyny aýtdylar.

Braziliýada COVID-19-dan ölenleriň sany 500 müňden geçdi we bu görkeziji ony wirusdan ýogalanlaryň sany boýynça ABŞ-dan soň ikinji ýurt ornunda goýýar.

Bu aýylganç sepgitden 19-njy iýunda, müňlerçe çepçiniň Günorta Amerikan ýurdunda prezident Jeýr Bolsonaro we onuň pandemiýa garşy durmakdaky gowuşgunsyzlygyna garşy gurnalan protestlere goşulan wagtynda geçildi.

Braziliýada takmynan 18 million adama koronawirus ýokuşdy. Takmynan 213 million ilatly ýurtda günde 100 müň töweregi täze näsag hasaba alynýar, 2000 adam bolsa bu dertden ölýär.

Şu aralykda, Russiýanyň koronawirus ýagdaýy has erbetleşýär.

Saglygy goraýyş işgärleri 19-njy iýunda 17,906 sany täze näsagyň hasaba alnandygyny, wirus ýokuşýanlaryň sanynyň iýun aýynyň başyndaky ýagdaý bilen deňeşdirilende gündelik iki esseden gowrak köpelendigini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG