Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Belarus resmilerine we Lukaşenkanyň maşgala agzalaryna garşy täze sanksiýalar barada ylalaşdy


Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Josep Borrell agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň duşuşygynyň öňýany metbugat konferensiýasyny geçirdi, Luksemburg, 21-nji iýun, 2021
Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Josep Borrell agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň duşuşygynyň öňýany metbugat konferensiýasyny geçirdi, Luksemburg, 21-nji iýun, 2021

Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri Belarusyň awtoritar ýolbaşçysy Alýaksandr Lukaşenkanyň maşgala agzalaryna we ençeme wezipeli adamlara hem guramalara garşy girizilen täze sanksiýalary tassyklady.

Ýewropa Bileleşiginiň resmi žurnalynda 21-nji iýunda çap edilmegine garaşylýan 78 adamdan we sekiz guramadan ybarat sanawa belarusly kanun çykaryjylar, prokurorlar, kazylar we beýleki resmiler girýär. Bileleşik olaryň adam hukuklaryny gödek depelemek we kanunyň hökmurowanlygynyň prinsiplerine zeper ýetirmek hem raýat jemgyýetini we demokratik oppozisiýany basyp ýatyrmak üçin jogapkär diýip hasap edýär.

Lukaşenkanyň ogly Dzmitri we uly oglunyň aýaly Liliýa hem "Lukaşenka režiminden peýdalanmak we goldaw bermek" üçin sanksiýalar sanawyna girizildi.

Aktiwleri doňdurmak we wizany gadagan etmek boýunça täze çäreleri düzmek bilermenlere tabşyryldy we bu geçen aýda Minskde "Ryanair" reýsiniň mejbury gonmagyna we bortda bolan oppozisiýa aktiwistiniň tussag edilmegine jogap boldy.

ÝB Belarus awiakompaniýalaryna blogyň çäginden uçmagy ýa-da howa menzillerini ulanmagy gadagan etdi.

Bu wakadan öň hem ÝB geçen awgustda çekeleşikli saýlawlardan soň Lukaşenka režiminiň oppozisiýa garşy rehimsiz basyşlary sebäpli täze sanksiýalary göz öňünde tutýardy.

XS
SM
MD
LG