Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Irki parlament saýlawlaryndan soň, Ermenistana kanunyň hökmürowanlygyny sylamaga çagyryş edilýär


Nikol Paşiniýan ýurtdaky emele gelen syýasy krizisiň soňlanmagyna çagyrdy.
Nikol Paşiniýan ýurtdaky emele gelen syýasy krizisiň soňlanmagyna çagyrdy.

Ermenistanyň premýer-ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Nikol Paşiniýan irki parlament saýlawlarynda ýeňiş gazanandan soňra, geçen ýyl Daglyk-Garabag sebitiniň üstündäki uruşda Ermenistanyň ýeňilmeginden soňra ýurtdaky emele gelen syýasy krizisiň soňlanmagyna çagyrdy.

Saýlawlaryň deslapky netijelerine laýyklykda, Paşiniýanyň “Raýat Şertnamasy” partiýasy sesleriň 53,9%-ni almagy başarypdyr. Ozalky prezident Robert Koçariýanyň “Ermeni Ýaranlygy” partiýasy sesleriň 21%-ni alypdyr. Koçariýan saýlawlaryň galplaşdyrylandygyny aýtsa-da, muňa güwä geçip biljek delil hödürlemedi.

Eger-de saýlawlaryň netijeleri saklanyp galsa, onda Paşiniýanyň partiýasy parlamentdäki ýerleriň zerur bolan 50%-den hem köp orunlaryna eýeçilik eder.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň halkara synçylary ses berişligiň “bäsleşikli geçendigini we, umuman, oňat guramalaşdyrylandygyny” aýtdylar. Olar “aýlanyp gören saýlaw uçastoklarynyň aglabasynda sesleri sanamak işleriniň oňaýly geçendigini” hem bellediler.

“Synçylar sanlyja düýpli prosessual ýalňyşlary ýa-da gödek kanun bozmalary hasaba aldylar” diýip, ÝHHG belledi.

Şol bir wagtda, Koçariýanyň ýaranlygy, ses berişlikdäki kanun bozmalara jogap berilmeýänçä, saýlawlarynyň netijelerini ykrar etmejekdigini aýtdy.

Ozalky prezident bu baradaky çagyryşlaryny 22-nji iýunda hem tekrarlady. Ol saýlawlaryň netijelerini Konstitusion sudda üýtgejekdigini belledi.

Ýewropa Bileleşiginiň Ermenistandaky missiýasy 22-nji iýunda çykyş edip, “saýlaw prosesi bilen bagly ähli şikaýatlaryň we arzalaryň Ermenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan degişli proseduralara laýyklykda jikme-jik we gyssagly seljerilmelidigini” aýtdy.

Şeýle-de ol “ähli syýasy güýçleri Ermenistanyň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerine oňaýly çözgüt tapmak ugrunda jebisleşip işlemäge” çagyrdy.

Mundan öň, Döwlet departamenti ähli partiýalary “kanunyň hökmürowanlygyny we demokratik prinsipleri sylamaga” çagyrdy.

“Saýlaw netijeleri tassyklanandan soňra, Ermenistanyň ähli syýasy güýçleri olara hormat goýmalydyr. Bar bolan aladalary çözmek we syýasy ar alyşdan gaça durmak üçin, arz we şikaýat üçin kanuny prosesler ulanylmalydyr” diýip, ol belledi.

XS
SM
MD
LG