Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ýadro şertnamasyny täzeden dikeltmek barada umytly çykyş edýär


Eýranyň wezipeden gidýän prezidenti Hassan Rohani (çepde) bilen saýlanan prezident Ebrahim Raisi. 23-nji iýun, 2021 ý. Tähran.
Eýranyň wezipeden gidýän prezidenti Hassan Rohani (çepde) bilen saýlanan prezident Ebrahim Raisi. 23-nji iýun, 2021 ý. Tähran.

Eýranyň wezipeden gidýän prezidenti Hassan Rohani dünýä güýçleri bilen Tähranyň arasynda 2015-nji ýylda gazanylan ýadro ylalaşygyny täzeden dikeltmek üçin taraplaryň arasyndaky esasy meseleleriň çözülendigini aýdýar, ýöne Germaniýa bilen Fransiýa päsgelçilikleriň dowam edýändigini duýdurýarlar.

Rohani bu sözleri 23-nji iýunda geçirilen hökümet ýygnagynda aýtdy. Ýokary derejeli eýran resmileri aprelden bäri Wenada geçirilýän gepleşiklerde öňe gidişligiň gazanylýandygyna yşarat edýärler.

Rohaniniň diwanynyň başlygy Mahmut Waezi täzeden girizilen 1000-den gowrak sanksiýany ýatyrmak babatynda ABŞ-nyň prinsipde ylalaşandygyny aýtdy. Üç ýyl mundan ozal, ABŞ-nyň öňki prezidenti Donald Tramp Eýrana garşy sanksiýalary täzeden girizdi.

“Ätiýaçlandyryş, nebit we ýük daşamak pudaklaryna girizilen ähli sanksiýalary ýatyrmak babatynda ylalaşyldy” diýip, Waezi Eýranyň döwlet mediasynda sitirlendi.

“Häzirki wagtda, biz galan sanksiýalaryň haýsylarynyň ýadro ylalaşygyna degişlidigini we haýsylarynyň 2015-nji ýyldan ozalky sanksiýalardygyny ara alyp maslahatlaşýarys” diýip, ol aýtdy we taraplaryň heniz hem bu ugurda gepleşik geçirýändigini sözüne goşdy.

ABŞ-nyň milli howpsuzlyk maslahatçysy Jeýk Sulliwan 20-nji iýunda sanksiýalar hem-de Eýranyň baglaşylan şertnamany halas etmek üçin öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmegi ýaly ugurlarda entek “ýetilmeli sepgidiň uzakdadygyny” aýtdy.

XS
SM
MD
LG