Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ozalky polisiýa ofiseri Şauwin Jorj Floýdy öldürendigi üçin 22,5 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi


Sudaýa Piter Kehil

ABŞ-nyň ozalky polisiýa ofiseri Derek Şauwin garaýagyz Jorj Floýdy öldürendigi üçin, 22,5 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Geçen ýylyň maýynda afrikan-amerikaly Floýdyň öldürilmegi jynsy deňsizlik meselesiniň simwolyna öwrüldi we köpçülikleýin protestleriň geçirilmegine sebäp boldy.

Sudýa Piter Kehil hökümi 25-nji iýunda Minneapolisda okady. Mundan öň, Floýdyň maşgalasy Şauwine iň uzak türme möhletiniň berilmegine çagyryp, duýguly çykyş etdi.

Sudýanyň hökümi okamazyndan ozal, 45 ýaşly akýagyz ozalky ofiser Floýdyň maşgalasyna gynanjyny bildirdi. Şol bir wagtda, beýleki federal raýat aýyplamalary sebäpli doly beýanat bilen çykyş edip bilmejekdigini hem sözüne goşdy.

Kehil Şauwine türme möhletiniň onuň “özüne bildirilen ynamdan we häkimiýetden hyýanatçylykly peýdalanandygy, şeýle-de Jorj Floýda aýratyn gözçykgynç gazaplylyk görkezendigi üçin” berlendigini aýtdy.

2020-nji ýylyň maýynda Şauwin we başda-da üç polisiýa ofiseri 46 ýaşly Floýdy ýerli dükanlaryň birinde galp puly berendigi baradaky aýyplamalaryň esasynda tussag edipdi. Golaýdan geçip barýan biriniň Şauwiniň dyzy bilen Floýdyň boýnuna basmagyny, şeýle-de Floýdyň dem alyp bilmeýändigi baradaky dowamly çagyryşlaryna garamazdan hem dyzyny aýyrmazlygy baradaky düşüren wideosy esasy delilleriň biri boldy.

Floýdyň maşgalasynyň aklawçysy suduň hökümini Birleşen Ştatlardaky jynsy barlyşyk tarapyna ädilen “taryhy” ädim diýip atlandyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG