Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus daşary işler ministriniň orunbasary ABŞ ilçisi bilen duşuşjakdygyny aýtdy


Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow
Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow

Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow ýakynda Birleşen Ştatlaryň Russiýadaky ilçisi Jon Sulliwan bilen duşuşmagy göz öňünde tutýandygyny aýtdy. Iki aý mundan ozal ABŞ bilen Russiýanyň arasyndaky ýaramazlaşan gatnaşyklarynyň arasynda, rus paýtagtyny terk eden Sulliwan Moskwa şu hepde dolanypdy.

“Elbetde, gürrüňi ediljek esasy meseleleriň arasynda Russiýanyň Birleşen Ştatlardaky we ABŞ-nyň Russiýadaky missiýalarynyň işini durnuklaşdyrmak hem bolar” diýip, Rýabkow 26-njy iýunda rus habar serişdelerine aýtdy.

Rýabkow kiber-howpsuzlyk boýunça ýakynda gelnen ylalaşyklar boýunça iki tarapyň eýýäm işleri alyp barýandygyny hem sözüne goşdy.

16-njy iýunda Ženewada geçirilen sammitden soňra prezident Jo Baýden we onuň russiýaly kärdeşi Wladimir Putin dartgynlylygy gowşatmak tagallalarynyň çäginde iki ýurduň ilçileriniň öz missiýalaryna dolanjakdyklaryny yglan edipdi.

XS
SM
MD
LG