Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Talyban" Merkezi Aziýanyň serhetlerine süýşýär


“Talybanyň” öňki söweşijileri Hyratda ýaraşyk dabarasynda ýaraglaryny tabşyrýarlar. 2021-nji ýylyň 24-nji iýuny.

Owgan hökümet güýçleri iş ýüzünde ýurduň demirgazyk böleginiň köp ýerini elden gidirdi, soňky günlerde 200 töweregi goşun Täjigistana we Özbegistana tarap, yza çekildi. Merkezi Aziýanyň hökümetleri indi öz serhetlerine ýakyn gelen söweşlere syn edýärler.

Daşary ýurt goşunlarynyň Owganystandan çykarylýan döwründe, ol ýurtda barýan syýasy ýagdaýy seljermäge entek mümkinçilik bar diýip hasaplaýan Merkezi Aziýa hökümetleriniň ol möhleti tükenene meňzeýär.

Owganystanyň demirgazygynda maý aýynyň başyndan häzirki güne çenli “Talybanyň” çalt üstünlik gazanjakdygyny gaty az adam çaklan bolsa gerek. Söweş hereketleri eýýäm Owganystanyň demirgazyk serhedine baryp ýetdi we hatda Merkezi Aziýany konflikte çekdi.

22-nji iýunda Täjigistan bilen serhetde möhüm gözegçilik punkt bolan Şir Han Benderde owgan hökümet güýçleriniň ýeňilmegi we “Talyban” hüjüminden gaçyp, Täjigistana baran 134 owgan esgeri Merkezi Aziýa häkimiýetleri üçin geň bolup görünýär.

Bu duýduryş 23-nji iýunda Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň 53 sany ýaragly owgan goşunynyň we olara soýuzdaş söweşijileriň ýurda gaçyp girmegini tassyklamagy bilen hasam güýçlenýär. Ol esgerleri we söweşijileri sorag edenden soň, özbek häkimiýetleriniň yzyna iberilendigini Daşkent aýdýar.

Owganystanyň sekiz welaýaty Merkezi Aziýadaky öňki Sowet respublikalary bilen serhetleşýär. Bular günbatardan gündogara Hyrat, Badgys, Farýap, Jöwüzjan, Balh, Gunduz, Tahar hem Badahşan.

ABŞ goşunlary 2001-nji ýylyň aýagynda Owganystana girensoň, iki onýyllygyň dowamynda bu welaýatlar birneme asuda boldy. Şonuň üçin goňşy Türkmenistanda, Özbegistanda we Täjigistanda çynlakaý alada döremäge sebäp ýokdy.

Emma 2013-nji ýyldan bäri owgan howpsuzlyk güýçleri “Talybana” we beýleki ýaragly toparlara garşy söweşe has ýygy gatnaşmaly boldy. Kä halatlarda söweşler Türkmenistan ýa-da Täjigistan bilen serhetde bardy. Çawýan top oklary käte olaryň araçägine baryp ýetdi.

“Talyban” bilen söweşmek üçin, käbir aýallar ellerine ýarag aldylar. Eger talyplar ýene hökümet başyna gelse, olar 20 ýylky gazananlarynyň ýitjekdigine düşünýärler. 2021-nji ýylyň 25-nji iýuny.
“Talyban” bilen söweşmek üçin, käbir aýallar ellerine ýarag aldylar. Eger talyplar ýene hökümet başyna gelse, olar 20 ýylky gazananlarynyň ýitjekdigine düşünýärler. 2021-nji ýylyň 25-nji iýuny.

SÖWEŞLER TÜRKMENISTANYŇ SERHEDINDEN 10 km., TÄJIGISTANYŇ SERHEDINDEN 30 km. GOLAÝDA

25-nji iýunda Azatlygyň Türkmen redaksiýasynyň beren maglumatyna görä, bir gün öň “Talybanyň” Owganystanyň Farýap welaýatynyň Anthoý şäherini ele geçirendigini habar berdi. 25-nji iýunda hökümet güýçleri Türkmenistandan 10 km. uzaklykda ýerleşýän Anthoýy "Talybandan" ýene yzyna alypdyr.

Türkmen serhedinden 30 km. uzaklykda ýerleşýän goňşy Akina şäherinde guryýer porty we demirýol menzili bar. Ol Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ýeke-täk demirýol liniýasydyr. Şeýle hem ol Owganystany Türkiýe we Ýewropa bilen birleşdirip biljek tranzit ýolundaky möhüm baglanyşykdyr.

Iýun aýynyň 19-ynda Owganystanyň "Tolo News" gazetiniň habaryna görä, “Talyban” güýçleri Farýap welaýatynda Hwaja Sabz Poşy basyp alypdyr. Welaýat merkezi Meýmenäniň golaýynda hem söweşleriň barýandygy hakda maglumat bar.

Goňşy Badgys welaýatynda, Murgap hem Gormah etraplarynda söweşler 2014-nji ýyldan bäri dowam edip gelýär.

2014-nji ýylyň fewral aýynda ýaragly söweşijiler Murgap derýasyndan Türkmenistana girip, üç sany türkmen serhetçisini öldürdiler. Birnäçe aýdan soň, söweşijiler Gormaç etrabyndan serhetden geçip, üç sany türkmen soldatyny öldürip, olaryň ýaraglaryny aldylar.

Farýabyň gündogaryndaky Jöwüzjan welaýatynyň Türkmenistan bilen serhetleşýän Hamýap we Garkyn etraplary, Akja, Mengijal, Faýzabat we Mardyn etraplary bilen birlikde “Talyban” gözegçiligine geçdi.

Şir Han Bender şäherinden owgan goşunlary 700 metrlik köprüden gaçyp, Täjigistana geçdiler. Ol ýeri Gunduz welaýatynda ýerleşýär.

Täjigistan bilen serhetleşýän Gunduz welaýatyndaky Ymam Sahibde ýerleşýän üç etraby – Şir Han Benderi, Daşt-i Arçini we Kalaýi-Zaly “Talyban” eýýäm 25-nji iýunda öz gözegçiligine aldy.

Aliabad welaýatynyň iň günorta sebiti “Talyban” tarapyndan ele geçirildi. Emma Owganystanyň “Tolo News” gazetiniň habaryna görä, hökümet güýçleri tarapyndan Aliabadyň yzyna alnandygy aýdylýar.

21-nji iýunda “Tolo News” Gunduzyň gündogaryndaky Tahar welaýatynda ýerleşýän 12 okrugdan sekiz sanysynyň ýa-ha “Talybanyň” gözegçiligine geçendigini, ýa-da geçen hepde owgan howpsuzlyk güýçleri tarapyndan terk edilendigini habar berdi.

Hasabatda aýdylyşyna görä, hökümet güýçleri tarapyndan Hwaja Gar we Bangi atly başga bir okrugyň basym yzyna alnandygy aýdylýar.

Täjigistan bilen serhetleşýän Ýangi-Kala we Namak (Çah) Ab, şeýle hem “Talybanyň” birnäçe ýyl bäri gözegçiligi astynda saklaýan Darkad etraby olaryň elinde.

Taharyň welaýat merkezi Talokan hem “Talyban” güýçleriniň gabawy astyna alyndy.

Balh Özbegistan bilen serhetleşýän ýeke-täk owgan welaýatydyr. Balh welaýatynyň köp bölegi hem-de onuň merkezi şäheri Mazar-y-Şerif uzak wagt bäri “Talyban” hüjümlerine garşy durup gelýär.

Şeýle-de bolsa, 23-nji iýunda 53 owgan esgeri we meýletinçi söweşiji Balh welaýatynyň Şordepe etrabyndan Özbegistana geçdiler.

Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň beýanynda, bu toparyň näme üçin Özbegistanyň çägine geçendigi anyklanmaýar.

Şol wagtyň özünde Şordepe sebitinde söweş barýandygy hakda habar ýok. Soňky döwürde özbek serhediniň günortasyndaky Balh welaýatynda söweşleriň barýandygy hakda maglumatlar ýaýraýar. Şeýlelik bilen, 12-nji iýunda “Talyban” gysga wagtlyk Balh etrabyny basyp aldy. Emma 22-nji iýuna çenli hökümet güýçleri bu territoriýany gaýtadan yzyna aldy.

Balhyň günorta-günbataryndaky Çimtal ýaly beýleki etraplary hem soňky hepdelerde söweş hereketleri gurşady.

Täjigistan, Türkmenistan hem Özbegistan wakalaryň barşyna syn edýärkä, hökümetler owgan güýçleriniň yza çekilendigine subutnamalary görýärler.

Käbir uruş şertlerinde howpsuzlyk güýçleriniň ok-däri üpjünçiligi gutarýar ýa-da olar goşmaça güýç alyp bilmeýärler. Beýleki ýagdaýlarda howpsuzlyk güýçleri “Talyban” bilen ylalaşyga gelip, özlerine yza çekilmäge koridor berlen ýagdaýda, öz ýaraglaryny we beýleki enjamlaryny taşlap gidýärler.

Talyplar bilen söweşden soň, Täjigistana gaçyp geçen owgan soldatlary hem meýletinçiler.
Talyplar bilen söweşden soň, Täjigistana gaçyp geçen owgan soldatlary hem meýletinçiler.

ETNIKI ÖZBEKLER HEM ETNIKI TÄJIKLER SÖWEŞIJILERIŇ HATARYNDA

Häzirki wagtda Owganystanyň hökümet güýçleriniň ýurduň demirgazygynda “Talybana” uzak wagtlap garşy durup biljekdigi, esasanam daşary ýurt goşunlarynyň ýurtdan çykmaly wagty 11-nji sentýabrdan soň muňa hötde gelip biljek-bilmejegi şübheli.

Kabul hökümeti öz-özünden döreýän harby güýçleriň “Talybana” garşy göreşde has görnükli rol oýnamagyny isleýändigini eýýäm açyk aýtdy.

Ýöne munuň özi Täjigistan we Özbegistan hökümetlerini köne usullara dolaýar. 1990-njy ýyllaryň ikinji ýarymynda, Owganystanyň demirgazygynda “Talyban” söweşijileri güýçlenip başlanda, Özbegistan gapma-garşylykly şahsyýet – owgan serkerdesi, etniki özbek bolan Abdul Reşid Dostumy goldady. Täjigistan bolsa "Pançşir arslany" diýip at alan etnik täjik komandiri Ahmed Şah Masudy goldady.

Owgan hökümet güýçleriniň pozisiýalary gowşaýan wagtynda, Daşkent we Duşenbe öz serhetlerini goramak üçin, aýratyn owgan bölümleriniň ynamdar wekillerini gözleýän bolmaklary mümkin.

Olaryň gorkusy, "Talybanyň" hüjümi däl-de, eýsem beýleki söweşiji toparlaryň hatarynda söweşýän Täjigistandan we Özbegistandan bolan radikallaşan yslamçylardyr.

Olar öz ýurtlarynyň graždanlaryndan düzülen, “Horasan Yslam döwleti” ýaly toparlaryň agzalaryndan ýa-da Owganystanda hereket edýän merkezi aziýaly barlyşyksyz toparlaryň söweşijilerinden ätiýaç edýärler. “Yslam Jihädi Bileleşigi”, “Katibat Ymam al-Buhari”, “Katibat Towhid wal-Jihad” ýaly özbekleriň agdyklyk edýän toparlary bar ýa-da “Özbegistan Yslam Hereketinden” galanlar bolup biler.

Resmi bitaraplyk syýasatyny alyp barýan Türkmenistan Owganystandaky içerki konfliktlerden elmydama daşrak durmaga synanyşyp gelýär.

2019-njy ýylyň mart aýynda Badgys welaýatynyň Murgap etrabynda “Talybanyň” hüjüminden gaçyp, 100 töweregi hökümet esgeri Türkmenistana geçmäge synanyşanda, türkmen serhetçileri olary yzyna iberdi. Bu bolsa olaryň “Talyban” tarapyndan ýesir alynmagyna sebäp boldy.

Dört ýyl ozal türkmen serhetçileri Jöwüzjan welaýatynyň Hamýap etrabynda general Abdul Reşid Dostumyň ýolbaşçylygyndaky hüjümlerden gaçan birtopar “Talyban” söweşijisini yzyna serpikdirdi.

Özbegistan hem hökümete tarapdar 53 söweşijini Owganystana gaýtarmak karary esasynda, şol bir nusga eýermäge synanyşana meňzeýär.

Duşenbe munuň tersine, şu hepde yza çekilen owgan goşunlaryna Täjigistanda wagtlaýyn galmaga mümkinçilik berdi. Ýaraly bolanlara medisina kömegini berdiler.

Täjigistanyň gündogaryndaky Dagly-Badahşan sebitiniň ýolbaşçysy Ýodgor Faýzow 21-nji iýunda sebit ýolbaşçylarynyň ýygnagynda, Owganystandan 5 müňden 10 müň bosguny kabul etmäge taýyn bolmalydygyny aýtdy.

Öz serhetlerinde Owganystan tarapyndaky ýagdaýyň ýaýbaňlanmagy bilen Täjigistanyň, Türkmenistanyň hem Özbegistanyň hökümetleriniň zerur halatynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn goranmak, şeýle hem howpsuzlyk şertnamalaryna täzeden garamagy ähtimal.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG